Türkmenler özüniň köpasyrlyk taryhynda Watanyna hyzmat edip, halkyň söýgüsini gazanan ýüzlerçe beýik taryhy şahslary öňe çykaran halkdyr. Hormatly Prezidentimizifi tabşyrygy boýunça şol taryhy şahsyýetleriň bitiren işlerini ebedileşdirmek maksady bilen olaryň ömri, döredijiligi barada täze maglumatlary toplamak işleri alnyp barylýar. Şeýle taryhy şahsyýetleriň biri-de Gündogaryň ajaýyp şygryýetini kemsiz özleşdiren, onuň iň gowy nusgalaryny öz döwrüne laýyklykda ösdüren türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbini tutan, adamlary akyl we ahlak taýdan terbiýelemekde ajaýyp mekdep bolan Magtymguly Pyragydyr.
Bilişimiz ýaly Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipler göz öňünde tutulyp, 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edildi. Türkmeniň milli guwanjy, beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy -mukaddeslik mekdebiniň mugallymy. Magtymguly Pyragynyň dördijiliginde möhüm orun eýeleýän ynsanperwerlik, haýyr-sahabat ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe täze mazmuna eýe bolýar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň “Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025- nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi'nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.
“Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň”
diýip, mundan ýüzlerçe ýyllar ozal taraşlap, ata-babalarymyzyň kalplaryndaky arzuwy siňen hem-de hiç haçan gadyr-gymmatyny ýitirmejek dürdäne sözleri miras galdyryp giden Magtymguly atamyzyň bu setirlerindäki arzuw-islegi Garaşsyzlyk ýyllarynda, onda-da “Watan milletimiziň beýik mukaddesligidir. Kalbymyzyň aýdymy, dillerimiziň senasy bolan eziz Watanymyza hyzmat etmek, dogan - garyndaşlar bilen süýjülikli gatnaşmak, birek-birege sarpa goýmak müňýyllyklardan gözbaş alýan ýörelgelerimizdir” diýip nygtamak bilen, bu ýörelgeleriň rowaçly menzillerde dowamat-dowam bolmagy üçin ähli şert- mümkinçilikleri döredýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aňrybaş derejede hasyl boldy diýip buýsanç bilen aýtmaga doly hakymyz bardyr.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgulary eşretli zamanamyzda täze bir heň, täze bir owaz bilen ýaňlanýar. Şahyryň goşgulary eziz Diýarymyzyň dünýä ýüzündäki belent abraý-mertebesiniň, halkymyzyň bitewiliginiň, parahatçylygynyň, agzybirliginiň joşgunly senasy bolup köňüllere dolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň esasy hünärmeni Rahym Seýtgulyýew