Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Gowaça ekiljek ýerlere ýuwuş suwy tutylýar.

Köneürgenç etrabynyň pagta kärendeçileri Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda 18 müň gektar ýerde gowaça ösdürip ýetişdirmegi göz öňünde tutýarlar. Häzirki wagtda ekiş möwsümine ýerleri bir kemsiz taýýarlamak işleri barha ýokary depginlerde alnyp barylýar. Gowaça ekilmegi göz öňünde tutylan ýerlerde çuň sürüm, tekizleme, çil çekmek işleri ýokary hilli geçirildi. Bu günler bolsa etrabymyzyň oba hojalykçylary ýerlere ýuwuş suwyny tutmaga girişdiler. Etrabymyzyň gowaça ýerlerine ene ýaplardan gelýän şeýle hem suw soryjylaryň kömegi bilen suw tutylýar. Etrap boýunça Köneürgençsuwhojalyk önümçilik dolanşygyna degişli suw soryjy enjamlaryň 30-a golaýy gije-gündiziň dowamynda saz işledilmegi gazanylýar. Her bir suw soryjy enjama jogapkär hünärmenler, işçiler berkidilen. Olaryň birleşen tagallalary bilen suw soryjylaryň elmydama gurat işledilemgi gazanylýar. Şonuň netijesinde her güni etrap boýunça 300 gektara golaý ýerde ýuwuş suwy tutylýar. Suwyň talabalaýyk tutylşyna miraplar, topar ýolbaşçylar gözegçilik edýärler, her bir damjasy altyna deňelýän suwy tygşytly ulanmaga çalyşýarlar. Ýuwuş suwyny tutmak işleri etrabymyzyň Täzegüýç, Hakykat, Watan, Galkynyş, Pagtaçy, Bereket, Kyrkgyz daýhan birleşiklerinde has-da ýokary derejede barýar. Ekiz möwsümine ähli taraplaýyn ykjam taýýalyk görülmegi ýerleri ekiş möwsümine öz wagtynda taýýarlanmagyna uly mümkinçilik berýär. Munuň özi meýilnamada bellenen 35 müň 900 tonna ak altyn hasylynyň ösüp ýetişmegine özüniň oňyn netijesini berer.

Türkmenistanyň Agrar  partiýasynyň  Daşoguz welaýatynyň  Köneürgenç  etrap  komitetiniň esasy hünärmeni Gülhumar   HOJAHMETOWA