Biz 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny jebislikde, ýagşy arzuwlar bilen garşyladyk. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynyň çapdan çykmagy bize uly sowgat boldy.
Şu günler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabyna bagyşlap Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, şäher we etrap komitetleriniň işgärleri ýerlerde şu günler edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, raýatlaryň arasynda duşuşyklar, söhbetdeşlikler, wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.
Şeýle çäreleriň biri-de Saýat etrabynyň Sakar şäher Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komiteti tarapyndan wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň jogapkär işgärleri, işjeň agzalary, Medeniýet öýüniň işgärleri gatnaşdylar we çykyş etdiler. Wagyz-nesihat çäräniň dowamynda birnäçe bölümden ybarat bolan bu ajaýyp kitap döwlet Baştutanymyzyň parasatly pikir-garaýyşlaryny, ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyryjy dürdäne sözlerini özünde jemleýär. Ýaş nesiller üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikleriň döredilýändigine hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynyň sahypalaryny açanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýandygyny aýtdylar.
Döwlet Baştutanymyz kitabynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda, ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda-da gazanylan uly üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, olarda ýaşlaryň işjeň ornuny giňişleýin we çeper beýan edýär. Täze kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri, gazanan ajaýyp üstünlikleri öz beýanyny tapýar. Kitabyň ilkinji sahypasynda hormatly Prezidentimiziň: “Biz orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän, döredijilik bilen meşgul bolýan ýaşlarymyz hakynda uly aladalary edýäris” diýip bellemegi uly mana eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ganatly sözleriniň aňyrsynda beýik ynam bardygyny belläp geçdiler.
Wagyz-nesihat çäräniň soňynda Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, bagtyýar türkmen ýaşlaryna Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galmagynyň bähbidine mynasyp zähmet çekip, uly yhlas, gujur-gaýratlary, zehinleri bilen goşant goşmaga ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýüreklerden arzuw etdiler.
Jeren Kulyýewa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň esasy hünärmeni