Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Gyzgalaňly dowam edýän ekiş

Kerki etrabyndaky Nurýagdy Jumagulyýewiň ýolbaşçylyk edýän Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň zähmetsöýer babadaýhanlary ilkinjileriň hatarynda gowaça ekişine girişdiler. Olar hem “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda 1030 gektar ýere gowaça ekmekligi meýilleşdirýärler. Şu günler daýhan birleşigine pagtaçylary gowaça ekişini guramaçylykly alyp barýarlar. Ekişiň gysga möhletde, bökdençsiz alnyp barylmagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Olaryň ikisi medeni zolakda, üçüsi hem uzakdaky ýaýlada ýerleşýär. Ekişde traktorlaryň birnäçesi bökdençsiz işledilýär. Iş bäsleşikde guralanda oňat netije berýär. Bu daýhan birleşikde hem bäsleşip işlemek däp bolup galypdyr. Mehanizator mehanizator bilen, kärendeçi kärendeçi bilen özara bäsleşip işleýärler. Ýaryş işleriň ilerlemegine oňyn täsir edýär. Ýeňijileri Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanylýar. Ýakynda biz daýhan birleşiginiň Atamyrat Selimow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 8-nji kärendeçiler toparyna degişli ekiş geçirilýän atyza bardyk. Bu ýerde zähmet mukamy joş urýar. Ýerler ýumşadylýar. Aýananyň ýüzi ýaly tekizlenip taýýarlanylan ýerde bolsa gowy hili ekiş geçirilýär. Gowaça ekilen göni hatarlary synlanyňda, mehanizator ýigit Döwletow Şöhrat ekişde baý tejribesiniň bardygyna göz ýetirmek bolýar.

    Biziň synlan meýdanymyz kärendeçi Körpegül Bekmuradowanyň kärende ýeri. Onuň 4 gektar ýeri bolup, ol gyşy bilen ýerini ýerli we mineral dökünler bilen iýmitlendirdi. Şüdügär sürümini, ýuwuş suwuny öz wagtynda gowy hili geçirdi. Nesip bolsa, ol bu ýerinden ýokary hasyl almak ugrunda aladalanýar.

   Dogrudan-da Körpegüliň her bir sözünden, hereketinden onda yhlasyň, gujur gaýratyň bardygyny duýmak bolýar. Ol gije gündiz diýmän ene topraga yhlasyny siňdirýär, çeken zähmetinden lezzet alýar, buýsanýar. Yhlasyň bar ýerinde bolsa ýetilmejek sepgit ýok. Kärendeçi geliniň yhlasy zähmeti gowaça eken 4 gektar meýdanynyň her gektaryndan meýilnamada görkezilen 27 sentnere derek, 50 sentnerden hasyl almak ugrundaky maksadynyň amala aşjakdygyna ynam döredýär.

    Hormatly Prezidentimiziň ýurduň oba hojalygyny düýpli özgertmek baradaky yzygiderli aladasy daýhanlary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Daýhan birleşikde şu günler gowaça ekişi barha gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar. Bu hakda daýhan birleşiginiň baş agronomy, Ilkinji partiýa guramasynyň başlygy Alym Allakulow guwanç bilen gürrüň berýär.

   Hojalygymyzyň pagtaçy kärendeçileriň ählisi ekiş möwsümine taýýarlykly geldiler. Şu günler ekişi 5 topardan alyp barýarys. Bu işi gysga wagtyň içinde geçirip gutararys diýen tamamyz bar. Gowaça ekişinde Şöhrat Döwletow, Serdar Abdykerimow dagylar ýerleri ýumşatmakda Gurban Muhammedow, Atamyrat Azimow dagylar has-da yhlaslylyk görkezip kärdeşlerine görelde bolýarlar. Olar ir ertirden giç agşama çenli özleriniň erk edýän polat atlaryny öndürijilikli we bökdençsiz işledip zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler.

   Howa, şu günler daýhan birleşiginiň ähli toparlarynda gowaça ekişli gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu bolsa pagtaçy kärendeçileriň gowaça ekişini gysga möhletlerde ýokary hilli geçirip, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylajakdyklaryny aňladýar.

Bu ýerde zähmet çekýän babadaýhanlarymyz Gahryman Prezidentimiziň özleri üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýdýarlar. Hormatly Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň

Kerki etrap komitetiniň hünärmeni:              Kerimowa Sülgün