Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ýurdumyz ösüşleriň belent sepgitlerine barýar. Garaşsyzlyk ýyllar içinde ýurdymyzy syýasy ykdysady, medeni durmuş taýdan ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilip, häzirki wagtda halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesi barha ýokarlanýar, ýurdymyzyň at-abraýy dünýä ýüzünde has-da arşa galýar. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň hem her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Ýaňy ýakynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek barada teklibi öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 11-ine geçirmek bellenildi. Bu milli forumyň geçirilmegi “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň taryhy wakalarynyň biri bolar.
Häzirki wagtda ýurdymyzyň ähli ýerlerinde Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komitetiniň işgärleri etrabymyzdaky beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde fewral aýynyň 11-ine geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň ähmiýeti, onuň türkmen durmuşyndaky orny dogrusynda etrabymyzyň edara-kärhanalarynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýäris. Şolar ýaly wagyz-nesihat duşuşygy Köneürgenç etrabyndaky Ýyladyşhana toplumynda, Pagta egriji kärhanasynda geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde serediljek meseleler, ýurdymyzy geljek 30 ýylda ösdürmegiň maksatnamasyna seretmek, tassyklamak boýunça alnyp barylan işler dogrusynda giňişleýin söhbetler edildi.
Nesip bolsa öňde boljak milli forumda kabul ediljek çözgütler, diňe bir şu güniň däl, eýsem uzak gelejegiň ykbalyny kesgitlär. Ýurdymyzda günzbirin şular ýaly alnyp barylýan özgertmeler her bir türkmenistanlyny begendirýär, buýsandyrýar, täze-täze sepgitleri eýelemäge uly badalga berýär. Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komitetiniň işgärleri etrabymyzdaky beýleki jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek, düşündirmek boýunça giň gerimli işleri mundanda beýläk güýçlendirmek ugrynda bar ukyp başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.
Işlemäge, halal zähmet çekip mähriban Diýarymyzyň ähli taraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, ömri uzak bolsun, halkymyzyň bagtyýarlygyny nazarlaýan döwletli işleri elmydama rowaç alsyn.
Gülhumar HOJAHMETOWA
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni