Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ýylymyz döwrebap şygarlar bilen şöhratlandyrylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem ata Watanymyzyň şöhratlytaryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly ýyllaryň biri bolar. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Mälim bolşy ýaly, bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahaty başlyklyk edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 9-njy ýanwarynda guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň meýilnamasyna laýyklykda welaýatymyzda maslahatlar geçirildi. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň üsti bilen merdana halkymyzyň asylly däpdessurlaryny, myhmansöýerligini, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändigini we ynamly öňe barýandygyny bütin dünýä aýdyň görkezmelidiris” diýip Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz belläp geçdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny dabaralandyrmak, hemişelik Bitaraplygymyz babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly teklipleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça maslahat Boldumsaz etraplarynyň Gubadag şäher medeniýet öýünde geçirildi. Ýokary guramaçylykly we işjeň ýagdaýda geçen maslahatlary welaýat häkiminiň orunbasary Ogulaltyn Çerkezowa alyp bardy. Maslahatlarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy Serdar Gaýypow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Saparmyrat Owganow, «Nesil» gazetiniň baş redaktory Artykguly Hojaberdiýew, il sylagly ýaşulular Çäşem Samaýew mährem ene Kümüş Muhammedowa, Mejlisiň deputaty Atamyrat Känjanow dagylar çykyş edip, berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her bir ýylyň şygarynyň döwrümize we ömrümize aýratyn many-mazmun bagyşlaýandygyny bellediler. Bilşimiz ýaly, guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu oparyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi. Şunda hemişelik Bitaraplygymyz babatdaky kada-kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça degişli işleriň geçirilmelidigi bellenildi. Milli Liderimiz hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanynyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Çykyş edenler bular barada bellemek bilen, özleriniň milli kanunçylygymyz baradaky tekliplerini beýan etdiler. Maslahatlaryň dowamynda çykyş edenler ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.
Jumakow Ýusup Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy