Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi.

Halkara zenanlar gününiň baýarmçylyk çäreleri Daşoguz welaýatynyň ähli ýerlerini gurşap aldy. Bahar paslynyň buşlukçysy bolan 8-mart halkara zenanlar güni mynasybetli ähli edara-kärhanalarda, baýramçylyk çäreleri, hormatly Prezidentimiziň pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşyrylyp, bagtyýar zenanlarymyza ýatdan çykmajak yakymly pursatlary doretmek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary bilen ýurdymyzda zenanlara goýulýan belent sylag hormatyň ýokarydygyny açyp görkezýär. Zenanlarymyz bu gün ykdysadyyetimiziň ähli pudaklarynda dürli kärlerde zähmet çekmek bilen ýurdymyzyň ähli babatynda özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Milli ykdysadyyetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk pudagynda hem zenanlarymyzyň yhlasly zähmet çekýändigini aýratyn bellemek gerek. Olar özleriniň tutanýerli, päk zähmeti bilen ýurdymyzyň oba hojalygy pudagynda gazanylýan ýokary netijelere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle göreldeli zähmet çekýän zenanlara halkara zenanlar güni mynasybetli bayramçylyk sowgatlary Türkmenistanyň Agrar partiyasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň adyndan gowşyryldy. Sowgat gowşyrmak dabarasyna gatnaşan welaýat komitetiniň öňdebaryjy zenan agzalary birek biregi 8-mart halkara zenanlar güni bilen çyn ýürekden gutlap, zenan mertebesini belende göterýän, zenanlaryň işlemekligi üçin ähli şertleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlaryny hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Zenanlara bayramçylyk mynasybetli ýadygärlik sowgatlarynyň Türkmenistanyň Daşoguz welaýat komitetiniň adyndan gowşyrylmagy olary täze täze üstünliklere ruhlandyryp, yeňişli menzilleri eýelemekligine uly badalga bolar. Zenanlara belent sylag hormat goýýan, zenanlarynyň sarpasyny belent tutýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun her döwletli tutymlary rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin. Şu ajaýyp pursatda Halkara zenanlar güni bilen ähli mähriban eneleri, gelin-gyzlary  tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gülden görkli zenanlarymyzyň nurana yüzleri berkarar watanymyzda elmydama ýylgyryp dursyn.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni Çynar Berdikulyýewa.