Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Halkyň belent ynamy

2022-nji ýylyň Türkmenistanyň milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip yglan edilmegi, Gahryman Arkadagymyza bolan belent hormat-sarpanyň hem-de bagtyýarlyk döwrümizde durmuşa geçirilýän taryhy tutumlara, beýik işlere buýsanjyň aýdyň nyşany bolup dabaralandy. 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip, atlandyrmak baradaky teklibiň hut halkymyzyň kalbyndan, arzuw-isleginden gelip çykandygy bolsa, aýratyn buýsanç bilen nygtalmaly ýagdaýdyr. Sebäbi “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarly Diýarymyzda halkymyzyň eziz Arkadagymyza söýgi-buýsanjy egsilmezdir, ebedidir.Arkadag Prezidentimiziň öz halky barada edýän aladasynyň dünýä nusgalykdygy hem döwrümiziň beýik hakykatydyr. Hormatly Prezidentimiz bize ajaýyp döwletli-döwrany peşgeş berdi. Bu döwür abadan, asuda durmuşyň, bolelin ýaşaýşyň, döredijilikli zähmetiň döwrüdir, mähir-alada bilen gurşalan nesillerimiziň şadyýan gülkileriniň äleme ýaň salýan zamansydyr. Taryh üçin gysga döwrüň içinde asyrlara barabar işler bitirildi, gözel Diýarymyz görlüp-eşidilmedik derejede özgerip, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Ähli amatlyklary bolan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary, ýörite orta we umumybilim berýän orta mekdepler, çagalar edaralary, medeniýet ojaklar, saglyk öýleri, bedenterbiýe we sport toplumlary, döwrebap tilsimatlar bilen enjamlaşdyrylan önümçilik kuwwatlyklary we beýleki desgalar bagtyýarlyk bilen gurşalan döwrümiziň buýsandyryjy alamaty bolup ruhuňy belende göterýär, has-da öndürijilikli zähmete borçlandyrýar. Bu hem Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine goşant goşmak hyjuwyny artdyrýar. Mähriban Arkadagymyzyň badalga berýän her  bir başlangyjyny, her bir tutumyny halkymyz gyzgyn garşylaýar we olary durmuşa geçirmäge  işeňňir gatnaşýarlar.

Ata Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin gije-gündiz  alada edýän  Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

Gülbahar Baýrammämmedowa

TAP-nyň Balkan welaýat komitetiniň

guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň esasy hünärmeni