Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Harmanyňyza bereket edermen kärendeçiler!

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly biziň Daşoguz welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda daýhanlaryň durmuşunda möhüm ähmiýete eýe bolan möwsüm guramaçylykly dowam edýär. Ýurdumyzda azyk howpsyzlygyň pugtalandyrylmagynyň, bereket bolçulygynyň üpjün edilmeginiň baş şertini emele getirýär. Kärendeçilik usulynda işleýän we oba-senagat toplumynda işjeňlik görkezýän hususy önüm öndürijileriň netijeli zähmet üçin amatly şertleriň döredilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunda bugdaýyň, beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna hemmetaraplaýyn üns berilýär Şeýlelikde, Halal zähmetiň hözürüni görüp ýaşaýan we zähmet çekýän daýhanlaryň ýaşaýyş–durmuş derejesi yzgiderli ýokarlanýar. Möwsümiň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda degişli gulluklaryň sazlaşykly işleri ýola goýuldy. Bu bolsa pagta ýygymy gysga möhletde geçirilmeginde uly ähmiýete eýedir. Boldumsaz etrabymyzyň edermen, zähmetsöýer babadaýhanlary Döwlet tarapyndan döredilýän ähli-şert mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýylyň-ýylyna guş-gursak ak bugdaýymyzyň, ösdürip ýetişdirip döwlet harmanyna olaryň müňlerçe tonnalaryny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirýärler.

Golaýda Daşoguz welaýatyň Boldumsaz etrabynyň 10-ýyl Abadanlyk daýhan birleşiginde №1-nji toparynda gowaça kärendeçileriň armasyny ýetirmek maksady bilen  Boldumsaz etrap häkimligi, Türkmenistanyň Agrar pariýasy, jemgiýetçilik guramalary, daýhan birleşigiň gowaça kärendeçileri, il sylagly ýaşulylar. Şonuň ýalyda etrabymyzyň medeniýet merkeziniden gelen aýdym-saz, folklor toparlarnyň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, joşgunly tanslary toý märekesine gatnaşyjylaryň ruhuny has ýokary göterdi. Çärede mehanizatorlar Ýagşygeldi Täzebaýew, Kuwwat Ýoldaşow we kärendeçiler Gurbanmyrat Ýoldaşbaýew, Baýramgeldi Ýoldaşew, Ýagmyrbaý Gazkow dagylara Türkmenistanyň Agrar pariýasynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

“Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyl etrabymyzyň Tehniki hyzmat ediş kärhananyň pagta ýygyjy kombaýynlaryň jemi 43-sany doly ýygyma gatnaşýarlar. Şu ýyl Etrabymyz boýunça 20500 müň gektar ak altyn pagtany ekip.  Şol ekilen meýdanlardan 40300 tonna ak altyn pagtany  alynmagy meýilleşdirilýär. Munuň sakasynda Hormatly Prezidentimiziň oba daýhanlary barada edýän çäksiz aladalary hemde yzgiderli kömek goldawlary dur. Bu çärelerde Hormatly  Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda oba hojalyk ulgamynda ýetilýän belent sepgitler, oba hojalygyny senagatlaşdyrmak, ykdysady garaşsyzlygy mundan beýläkde berkitmek boýunça alynyp barylýan işler baradaky çykyşlar edip,  ene toprakdan bol hasyl alyp, Watan harmanyna  mynasyp goşandyny goşýan, tapawutlanan kärendeçä, öňdebaryjy mehanizatora Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň adyndan ýörite hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurýarys.

Jumakow Ýusup Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy