Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Hasabat ýygnagy geçirildi.

Türkmenistanyň Agrar partiyasynyñ Daşoguz welaýat komitetiniň gurnamaklygynda welaýat häkimliginin kiçi mejlisler zalynda geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan ýygnak geçirildi. Ýygnaga welaýat, şäher etrap komitetleriň başlyklary ähli hünärmenleri gatnaşdylar. Ýygnagy welaýat komitetiň başlygy Akmyrat Mämedow açyp ýygnaga gatnaşyjylary gün tertibi bilen tanyşdyryp çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Agrar partiýanyň welaýat şäher etrap komitetleri tarapyndan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýerine ýetiren işleri  aýdyp, öňde durýan möhüm wezipeler barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle hem ýygnagyň dowamynda şäher etrap komitetleriň başlyklarynyň hasabatlary diňlenildi. Olar öz hasabatlarynda partiya agzalarynyň sanyny artdyrmak, wagyz-nesihat, medeni çäreleriň geçirilsi, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlaryň guralşy barada bellap geçdiler. Şeýle hem pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda partiýa işgärleriniň ýerine ýetirjek işleri barada aýtmak bilen hormatly Prezidentimiziň syýasy partiýalaryň jemgyýetçilik guramalaryň oňlerinde goýan möhüm wezipelerine ýerine ýetirmek ugrunda bar ukyp başarnygyny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerini aýtdylar. Ýygnagyň ahyrynda geçen ýylda göreldeli zähmet çeken agrar partiýanyň isgärlerine welaýat komitetiniň adyndan hormat hatlar ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowsyryldy.

Çynar Berdikulyýewa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni.