Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda arzyly maksatlaryň hasyl bolýan, uly sepgitlere ýetilýän ajaýyp zamanada ”Pähim paýhas ummany Magtymguly pyragy” ýylynda hem – Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwrunde Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mälim bolşy ýaly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň häzirki wagtda ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly biziň Boldumsaz etrabymyzyň etrap häkimligi, oba hojalyga degişli edara kärhanalar, medeniýet bölümi, Bilim bölümi hem etrabymyzyň Medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komiteti tarapyndan hasyl baýramçylygy mynasybetli ,,Hasyl toýy-bagtyýarlyk mukamy. Hasyl toýy-berekediň baýramy.” atly aýdym-sazly wagyz-nesihat ýygnagy bolup geçdi.
Bu dabaraly maslahatdaTürkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy Öwez Paltabaýew, Boldumsaz etrap Döwletli daýhan birleşiginiň kärendeçisi Garrybaý Ataşow hem-deTürkmenistan daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Meýlis Geldiýew olar öz çykyşlarynda,
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda halkymyzyň ýakymly däbine öwrülen, ajaýyp dabaralara beslenýän şanly seneleriň, baýramçylyklaryň ençemesi bar. Olaryň hatarynda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýy hem uly orny eýeleýär. Ene topragyň, zähmetsöýer babadaýhanlaryň, pileçileriň, bagbanlaryň hormatyna tutulýan bu toýuň dabarasyny güýzüň nurana gününde çar tarapa ýaýylýar.
Etrabymyzyň oba hojalykçylary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem özleriniň arzyly toýuna mynasyp sowgatlary bilen geldiler. Olar ýadawsyz zähmetleri bilen piläniň, bugdaýyň, “ak altynyň bereketli haylyny ýetişdirdiler. Bu gymmatly baýlyklaryň birnäçesi öz wagtynda Watan harmanyna goşuldy.
Güýz paslynyň häzirki amatly günleriniň her bir pursadyndan öndürüjilikli peýdalanmaga çalyşýan pagtaçy daýhanlarymyzyň hem “ak altyn” harmanlary barha beýgelýär. Olar öz meýdanlarynda bar bolan hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak maksady bilen, ir ertirden giç agşama çenli yhlasly zähmet çekýarler. Şeýle göreldeli pagtaçy daýhanlaryň ýüzlerçesiniň şu güne çenli öz şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý edendiklerini aýtmak ýakymlydyr.
Etrabymyzyň ene topraga yhlas siňdirýän daýhanlarynyň şeýle üstünlikleriniň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, bu ugurda zähmet çekýän adamlar üçin öňaýly şertleini döretmek barada edýän çäksiz aladalarynyň, berýän goldawlarynyň bardygyny bellemk gerek. Çünki bu olary öz işlerine has-da ykjam ýapyşmaga, ata Watanymyzyň harmanlarynyň belent bolmagyna saldamly goşant goşmaga ruhlandyrýar
Ata watanymyz ykdysadyýetde, medeniýetde, sungatda, ylymda-bilimde, oba hojalyk pudagynda, senagatda belent sepgitleri nazarlap bedew bady bilen öňe barýar. Mähriban Prezidentimiz her bir türkmen raýatynyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegi özüniň baş aladasy edip gije-gündiz ýadawsyz zähmet çekýär. Ýurdumyzda il-ýurt bähbitli durmuşa geçirilýän ajaýyp işler, beýik özgertmeler, “Watan diňe halky bilen watandyr döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýenajaýyp şygaryň dabaralanmasy munuň aýdyň şaýadydyr.
Şu ajaýyp döwürde zähmet çekmek, zähmetkeşleriň hatarynda bolmak, amala aşyrylýan işlere goşant goşmak diýseň uly bagtdyr.
Dabaranyň dowamynda Boldumsaz etrap Medeniýet merkeziniň aýdymçylary Gunça Agaýewa, Wepa Erkebaýew, Perman Mämedow dagylar Garhryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimize bagyşlap aýdan aýdymlary dabara gatnaşyjylara öz täsirini galdyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömrileriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler!
Rejepow Jumamyrat Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni.