Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda babadaýhanlaryň halal zähmet çekmekleri, ýerden bol hasyl almaklary üçin ähli oňaýly şertler döredildilýär. Hormatly Prezidentimiz kuwwatly tehnikalary, olaryň gurallaryny, bejergilerini satyn alyp babadaýhanlara hemaýat-goldaw berýär. Durmuşa ornaşdyrylýan bimöçber işler
daýhanlaryň ruhlaryny has-da belende göterip, mukaddes topraga yhlas siňdirip, joşgunly zähmet çekmegine getirýär. Hormatly Prezidentimiz ähli ulgamlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň, oba adamlarynyň hal ýagdaýyny gowulandyrmak, bol elin durmuşda ýaşamagyny gazanmak maksady bilen gysga döwürde asyrlara barabar döwletli işleri durmuşa ornaşdyrdy.
Ynha bu gün biziň Daşoguz welaýatyň Boldumsaz etrabynyň Türkmenistan daýhan birlesiginiň №1-njy toparynda Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi Il ýaşulylyrayň bissimilasy bilen Bugdaý ekişine badalga berildi. Bu ýere gelen adamlaryň arasynda welaýatymyzyň, etraplaryň döwlet we jemgiýetçilik guramalarynyň, edara kärhanalaryň, daýhan birleşikleriň, wekilleri, il sylagly ýaşulylar, bugdaý ýetişdirmek bilen meşgullanýan karendeçi daýhanlar we daýhan hojalyklaryň ýolbaşçylary, döwrimiziň bagtyýar ýaşlary, Şonuň ýalyda belent sahnanyň öňünde welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen aýdym-saz, folklor toparlarnyň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, joşgunly tanslary toý märekesine gatnaşyjylaryň ruhuny has ýokary göterdi.
Şu ýyl Etrabymyz boýunça 22500 müň gektar güýzlik bugdaý ekmegi meýileşdirýärler. ,,Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyň bugdaý ekiş möwsüminde etrabymyzyň Tehniki hyzmat ediş kärhananyň sürüm traktorlaryň ekiji we gije gündizleýin toparlar hereket edýär. Munuň sakasynda Hormatly Prezidentimiz oba daýhanlary barada edýän çäksiz aladalary hemde yzgiderli kömek goldawlary dur. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alyp, ,,Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy”ylynda Türkmenistanyň Agrar pariýasynyň Daşoguz welaýat şäher, we etrap komitetleri ýurdumyzda geçirlýän milli baýramlarymyzy has-da dabaralandyrmak maksatda degişli edara-kärhanalar bilen bilelikde ýörite maslahatlary, duşuşyklary, bäsleşikleri yzgiderli geçirýäris. Bu çärelerde Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda oba hojalyk ulgamynda ýetilýän belent sepgitler, oba hojalygyny senagatlaşdyrmak, ykdysady garaşsyzlygy mundan beýläkde berkitmek boýunça alynyp barylýan işler baradaky çykyşlar edip, ene toprakdan bol hasyl alyp, Watan harmanyna mynasyp goşandyny goşýan, tapawutlanan kärendeçä, öňdebaryjy mehanizatora Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň adyndan ýörite hormat hatlary we ýadigärlik sowgatlary gowşurýarys.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy Jumakow Ýusup