Ösüşleriň täze belentliklerine barýan ýurdymyzda bagtyýar türkmen halky Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gurban baýramyny uly şatlyk-şowhuna, ruhubelent dabaralara besläp belläp geçýär. Külli musulman halklary belen bilelikde biziň ýurdymyzda hem döwlet derejesinde bellenilýän mukaddes gurban baýramynyň baýramçylyk çäreleri Daşoguz welaýatynyň ähli etrapdyr, şäherlerinde giňden dabaralanýar. Köneürgenç etrap häkimliginiň, zenanlar we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamaklygynda Akgala geňeşligindäki Hywaçoý bagynda geçirilen çäre hem gurban baýramyna bagyşlandy. Çäräniň geçiriljek ýerinde türkmeniň alty ganat ak öýleri dikildi, olaryň öňlerinde milli mirasymyzy, milliligimizi giňden açyp görkezýän köp öwüşginli sergiler ýaýbaňlandyryldy. Gelin-gyzlarymyzyň el işleriniň dürli görnüşleri, şaý-sepler, agaç we agaç önümleri sergilerde esasy orny eýeledi. Türkmeniň milli tagamlarynyň birnäçe görnüşleri taýýarlandy, bişmedir, palow, köje ýaly tagamlar gelen myhmanlara hödürlendi. Etrap medeniýet bölüminiň ýörüte gurban baýramy üçin taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna, folklor toparynyň sahna oýunlaryna uly orun berildi. Ogulniýaz Soltanowa, Oguljan Çomakowa, Arazsoltan Hallyýewa, Merjen Gurbangylyjowa, Sapargeldi Hojanepesow, Aýmyrat Haýtekow, Nurmuhammet Gurbanow, Perman Babajanow ýaly aýdymçylar, estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirip, mähriban Diýarymyzyň bedew batly ösüşini, dünýä ýüzindäki at-abraýny, eşretli zamanamyzy, täze döwrümizi, päk zähmeti, mukaddess gurban baýramyny, Arkadagly Serdarymyzyň rowaç işlerini wasp etdiler. Uzak wagtlap dowam eden baýramçylyk çäresi dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlap, olaryň ata Watana bolan buýsanjyny artdyrdy. Agzybirligi, jebisligi alamatlandyrýan gurban baýramynyň baýramçylyk şatlygy Köneürgenç etrabynyň her bir maşgala ojagynda bellenilýär. Her bir maşgala ojaklarynda saçaklar giňden ýazylyp, dürli nazu-nygmatlar bilen bezelip, türkmeniň milli tagamlary taýýarlandy, gurbanlyk sadakalary berildi. Munuň öz bagtyýar halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, ýurdymyzyň asudalygyny alamatlandyrýar. Gurbanlyk sadakalryňyz kabul bolsun.
Gülhumar HOJAHMETOWA Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy