“ Halkara parahatylyk we ynanşmak” adyna eýe bolan 2025-nji ýylda geçirilen çäreleriň çäklerinde Çärjew etrap häkimliginde “ Watam goragçylarynyň günine” bagyşlanyp etrap häkimligi, Çärjew etrabynyň jemgiýetçilik guramalary tarapyndan “Watan goragçylaryna şöhrat” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna Watan goragçylary, Çärjew etrap prokuraturasyndan, Çärjew etrap polisiýa bölüminden, Çärjew etrap harby wekilliginden, Çärjew etrap jemgiýetçilik guramalaryndan şeýlede dilleri senaly ak sakal gojalarymyz gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda Çärjew etrap prokurorynyň uly kömekçisi S.Azatkulyýewa, Çärjew etrap polisiýa bölüminiň başlygy D.Döwletow, Çärjew etrabynyň N.Gutlyýew adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjysy A.Babaýew dagylar çykyş etdiler.
Dabaraly baýramçylyk maslahatynyň esasy maksady ýurdumyzyň goranyş kuwwatynyň sarsmas sütüni bolan ýaragly güýçlerimiziň hatarynda wepalylygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, Milli Goşunymyzyň ýokary derejedäki höweşjeň taýýarlygyny üpjün edýän häzirki zamanyň dünýä üleňlerine laýyk gelýän çylşyrymly söweş tehnikalaryna erk edýän kämil watançy ýaşlaryň kemala gelmägini wagyz etmekden ybaratdyr.
Pursatdan peýdalanyp Türkmen halkynyň Milli Lidiri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bütün türkmen halkyny, ýurdumyzyň Watan goragçylaryny Watan goragçylarynyň güni bilen mäherli we gyzgyn gutlaýarys.
Goý, Eziz Watanymyz asuda we parahat bolsun!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň buhgalteri Nasiba Durdybaýewa