Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklary uly ösüşlere beslenýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň gurnamagynda Saýat etrabynyň Sakar medeniýet öýünde “Kanun döwletde belentde parlaýar ýaşyl baýdagym” atly dabaraly çäre geçirildi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň jogapkär işgärleri, işjeň agzalary we beýleki jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenler öz çykyşlarynda her ýylyň 18-nji maýynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mähriban Watanymyzyň özygtyýarlygyny, halkymyzyň bozulmaz agzybirligini we bitewüligini aňladýan şanly sene mynasybetli uly dabara bilen bellenilýändigini, şol gün Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş döwlet baýdagyna gül goýmak çäreleri bolýar. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi goşa baýram hökmünde giňden dabaralandyrylýandygynyň nyşany bolup durýandygyny belläp geçdiler. Ýene-de çykyşlarda Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň üýtgewsiz kadasyny aňlatmak bilen bir hatarda döredijilikli ösdürilýän resminamadyr. Ol ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri, durmuş ulgamynyň sazlaşykly ösüşini nazara almak bilen yzygiderli kämilleşdirilýär.
Ýurdumyzyň gözüňi dokundyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagynyň milli buýsanjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty ýurdumyzyň ýaşyl baýdagynyň dünýäniň köp ýürtlerynda buýsançly parlamagyny şertlendirýär. Häzirki döwürde Türkmenistan tutuş Ýer ýüzünde bitaraplyk, parahatçylyk söýüji we ynsanperwerlik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly döwlet hökmünde tanalýar. Halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini ösdürmek boýunça döwletli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirdiler.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan il-ýurt, Watan bütinadamzat bähbitli beýik işleri üstünliklere beslensin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň hünärmeni
Rozyhal Piriýewa