Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Konstitusiýa we Baýdak – goşa mukaddeslik!

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjegi bilen deň hatarda Lebap welaýatynyň etrap-şäherlerinde, obalarynda syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik guramalaryň welaýat, şäher we etrap komitetleriniň gurnamaklarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň günine bagyşlanyp tegelek stolda söhbetdeşlikler, dabaraly maslahatlar, aýdym-saza beslenen çäreler uly ruhybelentlik bilen geçirilýär.

Ine şeýle dabaraly çäreleriň biri-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat hem-de Saýat etrap komitetleriniň gurnamaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata Agrar partiýanyň işjeň agzalary, öňde baryjy kärendeçiler, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet işgärleri işjeň gatnaşdylar.

Dabaraly maslahatda çykyş eden adamlar Baş Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzyň ata Watanymyzy we raýatlaryň hukuklaryny goramakda, döwlet bilen jemgyýetiň gatnaşyklaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmakda, jemgyýetiň, her bir adamyň hukuklaryny we borçlaryny açyp görkezmekde türkmen jemgyýetindäki orny barada buýsançly çykyşlar etdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda geçirilen Konstitusion özgertmeler, täze kabul edilýän kanunlar, goşmaça we üýtgetme girizilýän kanunlar barada hem durup geçdiler we ýurdumyzda Kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek üçin uly işleri durmuşa geçiren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, bu ugurdaky işleri üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirdiler.

Çykyşlarda ýaşyl tugumyz hakda hem buýsançly sözler aýdylyp, “Tug”, “Sanjar”, “Baýdak” atlary bilen kalbymyza berk ornaşan ýaşyl Baýdagymyz parahatçylygyň başlangyjy bolup, al asmanda parlap dursun diýip ýagşydan – ýagşy arzuwlary etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzda iň uly äpet baýdagyň Genesiň rekordlar kitabyna girişi, şeýle uly baýdaklaryň indi welaýat merkezlerinde hem ýardygy, Baýdagyň mukaddesligi barada buýsançly sözler aýtdylar. Çykyş edenler Baş Kanunymyzyň baýramy bilen Baýdak baýramynyň bir günde bellenmeginiň uly manysynyň, ähmiýetiniň bardygyny nygtap, bu goşa baýramy döwlet derejesinde bellemäge aýdyň ýol açan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.

Dabaraly maslahatyň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň tanyşdyrlyş dabarasy hem geçirildi. Tanyşdyrlyş dabarasynda Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda gadymy Änewiň geçmişi taryhy, şu güni we nurly geljegi barada täsirli maglumatlar berilipdir diýip buýsanç bilen belläp geçdiler we bu kitaby okap tanyşmaga çagyrdylar.

Dabaraly maslahatyň dowamynda Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýüniň bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdan aýdym-sazlary maslahata gatnaşyjylarda uly ruhybelentlik döretdi.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow