Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy hem uly ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. Ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürülýän möçberini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmenpagta” döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2024-nji ýylda 2 müň 100 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 410 tonna çig pile öndürmek meýilleşdirildi we ýüpek gurçugyny idedýänler ýokary hilli tohhumyň zerur mukdary bilen üpjün edildi. Şu günler ýüpekçiler üçin möhüm möwsüm gyzgalaňly dowam edýär. Welaýatymyzda gündogar etraplaryň ýüpekçileri gurçuklary idetmäge beýleki etraplardan hem 3-4 gün ir girişdiler. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda welaýatymyzyň ussat ýüpekçileri kümüşsöw çäje senagat üçin gymmatly çig malyň 1010 tonnasyny goşmagy meýilleşdirýärler.
Türkmenistanda irki döwürlerden bäri ýüpek öndürmek işi ýola goýlupdyr. Gadymy taryhçylaryň ýazgylarynda iň gözel we owadan ýüpek we nah matalaryň türklmen topragynda öndürilýändigi baradaky maglumatlar duş gelýär. Gahryman Artkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda türkmen parçalarynyň Hytaýda, Hindistanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda islenilýän harytlaryň biri bolandygy barada gyzykly maglumatlar getirilýär. Dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen ýüpekçileriniň öndürýän pileleriniň bütin dünýäde meşhurdygyny alamatlandyrýar.
Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýän kerkili daýhanlar oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşýarlar. Bu ýüpekçilik babatdada şeýle. Dokma senagaty üçin gymmatly çig mal berýän ýüpek gurçuklaryna, olaryň ýeke-täk iýmit iýmit gory bolan tutlara öz wagtynda ideg edilýär. Her ýyl tut nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdylýar. Öňden bar bolanlaryna dowamly ideg edilýär. Çünki tuduň ýapragyndan nur, ýüpek önýär! Häzirki günlerde ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri biziň etrabymyzda hem gyzgalaňly dowam edýär. Kerkili ýüpekçileriň yhlasly zähmeti netijesinde aglaba hojalyklarda idedilýän ýüpek gurçuklary eýýäm ahyrky ýaşynda. Etrabymyzda geçen ýyllarda kärendeçileriň 1600 ýakyny ýüpekçilik bilen meşgullandy. Bu ýyl olaryň sany öňküsinden hem artdy. Şeýleik-de etrap boýunça 2386 gap gurçuk tohumyndan 85 tonna pile öndürmek meýilleşdirildi. Dokmaçylyk senagaty üçin gymmatly çig maly öndürýän ýüpek gurçuklary ýüpekçilerden irginsizligi, arassaçyllygy talap edýär. Biziň ýüpekçilerimiz gurçuklara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda göwnejaý ideg edýärler. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň agzybir işgärleri hem degişli hünärmenler bilen bilelikde möwsümi ýokary derejede we çalt jemlemek üçin ýüpekçilere degerli maslahatlary berip durýarlar.
Ähli ýyllarda boşy ýaly “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem biziň etrabymyzyň ýüpekçileri öz şertnamalaýyýn borçnamalaryny ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine, pellehana uly ynam bilen barjakdyklaryna olaryň şu günlerki alyp barýan işlerini synlanyňda göz ýetirýärsiň. Etrabymyzyň Mürzebeggala daýhan birleşiginden Bahargül Gurdowa, halypa ýüpekçi Ogulsabyr Pygamowa, Gözel Nazargylyjowa dagylar eýýäm ilkinjiler bolup, Watan harmanyna kümüşsöw pileleriň ilkinji kilogramlaryny tabşyrdylar. Olaryň tabşyran pileleri degişlilikde 50, 81, 20 kilogramdan geçdi. Möwsümiň ahyryna çenli bu ussat ýüpekçiler Watan harmanyna 150-400 kilograma çenli pile tabşyrmagy meýilleşdirýärler. Ýüpegiňiz uçly bolsun, döwletiňiz güýçli bolsun merdana ýüpekçiler!
Tebigatyň täsin gudraty bilen,
Ýaprakdan nur ýüpek, gül ýüpek önýär.
Ýüpekçileň mähir, yhlasy bilen,
Kümüşsöw pileler harmana dolýar!
Bagtyýar türkmen halkyny rowana ak ýollar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyňKerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni, zenanlar guramasynyň agzasy Sonagül Hudaýberenowa