“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň ilkinji günlerinden bäri ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen bir hatarda Lebap welaýatynyň hem etraplarynda, şäherdir-obalarynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýuna bagyşlanyp dabaraly maslahatlar, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler, ýaş we halypa şahyrlaryň duşuşyklary aýdym-saza beslenip bellenip gelinýär.
Ynha şeýle dabaraly maslahatlaryň biri-de ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, Lebap welaýat kitaphanasynyň, welaýat tebigaty goraýyş müdirliginiň gurnamaklarynda, Türkmenabadyň agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň we mugallymlarynyň, goraghana işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Dabaraly maslahatda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly atamyzyň goşgularynyň, döredijilik ummanynyň dünýä ýaň salmagy, dünýäniň ähli künjeginde ýaşaýan halklar üçin elýeter bolmagy ugrunda durmuşa geçiren işleri we ata Watanymyzda öňdengörüji şahyryň abraý-mertebesini beýgeltmek üçin amala aşyran işlerini ýekän-ýekän beýan etdiler. Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň 2014-nji ýylda ata Watanymyzda 290 ýyllyk ýaş toýunyň uludan toýlanyşy, şol günler Magtymgulynyň goşgular ýygyndylarynyň dünýäniň dürli dillerine çap edilenini belläp, Gahryman Arkadagymyza köp-köp alkyşlar aýtdylar. Ýurdumyzda we dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan Magtymgulyşynas alymlaryň Magtymgulynyň döredijiligi bilen tanyş edýän ylmy işlerine uly hormat goýup, olara hem öz ýürek buýsançlaryny bildirdiler.
Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen gurluşygyna başlanan Köpetdagyň eteginde ýalkym saçyp duran Magtymguly atamyzyň äpet heýkeliniň gurluşygyny bu günki gün Arkadagly Serdarymyz üstünlikli durmuşa geçirýär diýip, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza öz ýürek joşgunlaryny beýan etdiler. Ýakynda BMG-nyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň eserleriniň Dünýä hakydasy maksatnamasyna goşulandygy baradaky hoş habar bilen birek-bireklerini gutlap, Magtymguly atamyzyň eserlerini dünýä ýaň saldyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp-köp sag bolsunlaryny aýdyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza uzak ömür, berk jan saglyk, belent başlary aman bolmagy, il ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Bagtyýar Derkarow
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri