Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz hemişelik Türkmenistan ösüşiň ýolyna düşdi. Milli ykdysadyýetimizde durnykly ösüş gazanylýar. Türkmenistan ösen döwletlere deň derejedäki hyzmatdaş hökminde özüni tanatdy. Döwletimiziň kanunçylyk ulgamynda hem rowaçlyklara eýe bolundy.
Ynha şu gün hem Köneürgenç etrabynyň Pagta egriji fabriginde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “ Ýaşyl baýdagymyz-bagt Kanunymyz” atly aýdym-sazly maslahat geçirildi.
Ýurdyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy kanunydyr. Konstitusiýada döwletiň hukuk ýagdaýynyň kesgitlemesi we ösüşiniň esasy ugurlary beýan edilýär. Şeýle hem raýatlaryň saglyga, zähmete, bilime, ylyma, saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklaryny kepillendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy kadalaşdyryjy hukuk namalar ulgamynda, hukuk taýdan iň ýokary güýje eýedir. Şunuň bilen baglylykda onda berkidilen kadalar we düzgünler Türkmenistanyň bütin çäginde hereket edýändir. Baýdak döwletiň nyşany, halkyň gadymy däpleriniň, adatlarynyň görkezijisi hasaplanylýar. Türkmenistanyň döwlet baýdagynda türkmen halkynyň mukaddes ýörelgeleri jemlenendir.
Maslahata gatnaşan Köneürgenç etrap häkimliginiň, Mejlisiň deputatlary, Köneürgenç etrap kazyýetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, il-ýaşulylarynyň gatnaşmagynda çykyş edenler Hormatly il ýaşulusy Kurbanmetow Toýly, Türkmenistanyň Demokratik partiyasynyň başlygy Muhammedow Gurbanmyrat, Türkmenistanyň Mejlisiniň Deputaty Şäherow Jumamyrat, Türkmenistanyň Magtymgyly Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň esasy hünarmeni Dädebaýewa Gulnahal, Türkmenistanyň kärdeşler Arkalaşygynyň Etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Söýingylyjow Şöhrat, Türkmenistanyň Adalat Ministrliginiň Köneürgenç etrap RÝNY böliminiň müdiri Mejlisiň deputaty Jumaýewa Maýsa öz çykyşlarynda Watanymyzyň ösüşi barada Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň we ýurdumyzda bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy barada mazmunly çykyşlary bilen öz ýürek busançlaryny beýan etdiler.
Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy baýramçylygy bilen tuýs ýürekden gutlaýaryn we alyp baryan işleri rowaçlyklara beslensin. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Janlary sag ömürleri uzak bolsun.