Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Maslahat täsirli geçdi.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik pudaklar bilen deň hatarda obasenagat toplumynda hem uly ösüşler gazanylýar. Şu günler babadaýhanlarymyz ak bugdaýlara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, gowaça ekiljek ýerlerde agrotehniki çäreleri geçirip, ýerleri suwarmak, ýazky ýeralma ekişine taýýarlyk görmek, mallary gyşdan dok alyp çykmak, ýyladyşhanalarda gök-bakja önümlerini ýetişdirip, ak bazarlarymyza çykarmak ýaly asylly işleri durmuşa geçirýärler.

Biz hem ýakynda babadaýhanlarymyzyň ýetişdiren bugdaý hasyllaryny elewatorda talabalaýyk saklap, halkymyzy un önümleri bilen üpjün etmekde asylly zähmetleri bilen öz goşantlaryny goşýan Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda, Dänew etrabyndaky 50 müň tonna galla saklamaga niýetlenen elewatorda zähmet çekýän ildeşlerimiziň armasyny ýetirip, bu kärhanalarda täze ýylyň ady bilen baglanyşykly maslahaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrlyş dabarasy geçirildi. 2024-nji “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatda çykyş edenler geçen 2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda öz kärhanalarynda çekilen asylly zähmetleri esasynda halkymyzy öz ýurdumyzda ösdürilen un bilen üpjün etmek ugrunda gazanan zähmet ýeňişleri, elewatorda tohumlyk we azyklyk gallany talabalaýyk saklap, tohumlyk gallany kärendeçilere ugradyşlary, azyklyk gallany gaýtadan işläp ýokary hilli uny halkymyza ýetirişleri barada buýsançly belläp geçdiler. Bu kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiz täze ýylda hem geçen ýylkylar ýaly joşgunly zähmet çekip, halkymyzyň un we çörek önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakda yzygiderli işleri alyp barjakdyklaryny belläp geçdiler. Soňra Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda zähmet çekýän ildeşlerimize Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrlyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrlyş dabarasynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynyň her bir bölümi barada gürrüň berilip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz gündeliklerinden kitap ýazmak baradaky oý-pikiriň döreýşi we bu kitabyň halkyň kalbynda berk ornaşjak ýan kitap bolup dörändigini buýsanç bilen belläp geçdiler we bu kitaby okamaga, içgin tanyşmaga çagyryldy.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölümüniň müdiri Bagtyýar Derkarow