”Pähim paýhas ummany Magtymguly pyragy” ýylynda – Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwrunde Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mälim bolşy ýaly Beýik ýeňişiň 79-ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly biziň Boldumsaz etrabymyzyň etrap häkimligi, oba hojalyga degişli edara kärhanalar, medeniýet bölümi, Bilim bölümi we jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň gurnamagynda Boldumsaz etrap häkiminiň tassyklan meýilnamasy esasynda beýik ýeňişiň 79-ýyllygy mynasybetli ,,Merdana gerçeklere sarpa” atly aýdym sazly wagyz-nesihat ýygnagy bolup geçdi.
Bu dabaraly maslahatdaIl ýaşulysy Bazarbaý Togsanow, Arzygül Ilýasowa mährem ene, Türkmenistanyň mejlisiniň deputaty Känjanow Atamyrat,Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni Ýusup Jumakow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Boldumsaz etrap komitetiniň bölüm müdiri Şatlyk Abdyrahymow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Boldumsaz etrap geňeşiniň başlygy Çary Kakabaýew dagylar çykyşlarynda, Türkmenistanda ähli halk baýramy Ýeňiş güni giňden we dabaraly bellenilýär. Bu şanly sene Türkmen halkynyň belent watançylygynyň we edremenligiň nyşany, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik we döredijilik, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine üýtgewsiz ygrarlygy höküminde milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýär. Beýik ýeňişiň 79-ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda emele gelen asylly däbe göra, faşizime garşy göreşde janyny gurban eden gahrymanlaryň ýagty ýädigärligini hatyralap, weteranlary mähr bilen sarpalaýarlar. Hormatly Prezidentimiziň atasy, Gahryman Arkadagymyzyň kakasy, Beýik Watançylyk urşunda edermenlik görkezen Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk ömür ýoly nesillere görelde mekdebidir. Watançy esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň söweş meýdanynda görkezen edermenligi Beýik Ýeňşiň gazanylmagynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu kynçylykly ýyllarda tylda galan Mälikguly aganyň yhlasly zähmeti Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda çeper beýan edilýär. Türkmen halky 1941-1945-nji ýyllardaky uruşda gahrymanlarça wepat bolan esgerlerini hiç haçan ýadyndan çykmaz. Türkmen halky Watan ugrundaky ýowuz söwşlerde gazanylan beýik ýeňişe mynasyp goşandyny goşdy. halkyň edremen ogullaray egin egine berip beýleki doganlyk halkyň wekilleri bilen bilelikde frontlarda parahatçylyk otrýadlarynda gahrymanlarça söweşip tylda tutanýerli zähmet çekdiler. Biziň watandaşlarymyz şol ýowuz ýyllardaky harby edermenligi we gahrymançylykly zähmeti biz üçin watana bolan söýgüsiniň ar, namysynyň we borjuna wepalylygyň hakyky nusgasy bolup durýar. 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdalarynda görkezen edermanlgi we gaýduwsyzlygy üçin gahryman adyna mynasyp boldular. Türkmenistanlylaryň müňlerçesi söweş ordenleri we medallary bilen sylaglandylar. Hazirki wagtda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň oýlanşykly öňden görüjilikli syýasty ugry netijesinde garaşsyz Bitarap Türkmenistan bütin Merkezi Aziýa sebitinde Parahatçylygyň we durnuklulygyň sarsmaz sütüni bolup durýar. Bu bolsa ýurdumuzda mynasyp halkara abraýyny getirdi. Türkmenistanlylaryň häzirki nesiline görelde almaga nusga bar. Ol watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen girip Watanymyzyň azatlygny we garaşsyzlygyny goran ata-babalarymyzyň edermenligi we gaýduwsyzlygy barada şöhratdyr. Ýalynly ýyllaryň watançylyk urşuna gatnaşan ildeşlerimizden Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjylary Köşek Soltanmyradow, Ýezek Urazow dagy bu günki gün merdanalyk mekdebi hökmünde aramyzda ýaşap ýören gerçeklerdir. Olaryň gyzykly hem täsirli söhbetleri ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde ajaýyp mekdepdir
Milli gahrymanlarymyza baky hakyda hemde baky şöhrat bolsun wepalylygy we durnuklulygy gaýduwsyzlygy we bagtyýarlygy biziň bagtly hazirki we gelejekki durmuşumuz üçin olaryň öňünde baş egýaris diýip belläp geçdiler!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni Rejepow Jumamyrat