Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň gurnamagynda partiýamyzyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda “Halkyň bagtyýar durmuşunyň kepili” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda berlen tabşyryklardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen söhbetdeşligiň dowamyndaky çykyşlarda bu umumy milli forumyň geçirilmeginiň maksady, gymmaty barada giňişleýin gürrüň edildi. Çykyşlarda umumy milli forumda wajyp meseleleriň halk bilen geňeşilmeginiň hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen beýik taglymatynyň durmuş hakykatynyň beýanydygy, onda kabul ediljek çözgütleriň döwletimiziň beýik geljeginiň röwşen bolmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirjekdigine garaşylýandygy bellendi. Duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde beren tabşyryklaryndan we gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp, bu möhüm syýasy çäräniň guramaçylyk meselelerini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilmeli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda ata Watanymyzy belentliklere sary öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler beýan edildi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň buhgalteri Oguljemal Berdiýewa