Milli bahar baýramynyň baýramçylyk çäreleri gadymy Köneürgenç ilinde hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Köneürgenç etrabynyň Akgala geňeşliginiň çäginde ýerleşýän gadymy galada geçirilen Hoş geldiň Nowruzym-eziz Diýara atly çäre hem Milli bahar baýramynyň şanyna guraldy. Bu çäräni etrap häkimligi, zenanlar we beýleki jemgyýetçilik guramalar, medeniýet bölümi bilelikde gurnadylar. Çäräniň geçiriljek ýerleriniň hakyky toý lybasyna bürenmegi, türkmeniň ak öýleriniň dikilmegi, olaryň öňlerinde köp öwüşgünli sergileriň ýaýbaňlandyrylmagy çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Sergilerde agaç we agaç önümleri, gelin gyzlarmyzyň el işleriniň, milli şaý-seplerimiziň dürli görnüşleri görkezildi. Şeýle hem bu ýerde türkmeniň milli tagamlary bolan köje, palaw, bişme taýýarlandy, toý dabarasyna gatnaşýan myhmanlara hödür kelem edildi. Dabaranyň dowamynda etrap medeniýet bölüminiň, çagalar sungat mekdebiniň höwesjeň aýdymçylarynyň, tans toparynyň aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi. Olar özleriniň joşgunly tanslarynyň, kalp tolgundyryjy aýdym-sazly çykyşlarynyň üsti bilen bahar baýramyny, tebigat gözellegini, eşretli zamanamyzy, päk söýgüniň waspyny ýetirdiler. Şeýle hem bu ýerde körpeje oglan-gyzlaryň owlak, guzy, alabaý güjüjikler bilen gül-gülzarlyga bürenip otyran bagyň aşagynda oýnap otyrmagy, gök otlardan dürli şekilleriň ösdürilip goýulmagy, tebigatyň janlanyp bahar paslynyň ýetip gelenini alamatlandyryp, çäräniň geçiriljek ýerine aýratyn bir gelşik berdi.Uzakly gün dowam eden çäre bu ýerde ýygnananlarda ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary galdyrdy.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni Gülhumar HOJAHMETOWA