Saýat etrabynda ýerleşýän Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň Lebap welaýatynyň Sakar şäher şahamçasynda Milli manadymyzyň dolanyşyga goýberilen güni mynasybetli “Milli erkinligimiziň nyşany” atly maslahaty geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň jogapkär işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar we çykyş etdiler. Çykyşlarda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabry döredijilik özgertmeleri döwründe Watanymyzyň ykbalyny kesgitlän günleriň biri hökmünde Türkmenistanyň taryhyna girdi. Manat türkmen döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygyň nyşanyna we ýurdumyzyň özbaşdaklyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi. Geçen ýyllaryň dowamynda ykdysady syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň pul-karz, býujet, salgyt, maliýe, nyrh ugruny emele getirýän we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bazar gatnaşyklaryna geçmegiň milli guraly işlenip taýýarlanylandygy we şu aý milli pulumyzyň dolanyşyga girizilenine 30 ýyl bolandygyny aýdyp geçdiler. Şeýle hem çykyşlarda Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe-bank ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmakda gazanylan üstünlikler, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde bank ulgamynyň eýeleýän orny bellenildi.
Häzir döwletimiziň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagyny çaltlandyrmak, halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar hem-de oňyn netijeler gazanylýar. 2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde Ak paýtagtymyz Aşgabatda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň we “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalaryny açyp ulanmaga berlendigini öz çykyşlarynda ýatlap geçdiler.
Maslahata gatnaşyjylar türkmen döwletiniň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmekde işjeň orny barada aýtmak bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk hojalygy toplumynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrýan düýpli, oýlanyşykly özgertmeleriniň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin uly mümkinçilikleri döredýändigini bellediler.
Maslahatda ilkinji partiýa guramasynyň işjeň agzalaryna Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň esasy hünärmeni Jeren Kulyýewa