Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Millilik – nesil terbiýesiniň özeni

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň hem-de Balkan welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde  guramaklarynda Balkanabat şäherinde ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi Geňeşleri tarapyndan  bilelikde tassyklanan talyp ýaşlaryň arasynda “Millilik – nesil terbiýesiniň özeni” atly şygar bilen geçirilmeli wagyz-nesihat çäreleriniň meýilnamasyna ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilen çärelerde ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlilik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek barada giňişleýin çykyşlar edildi.

Wagyz-nesihat çäreleriniň çykyşlarynda: “Häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Edep-ekramly, mähir-mylakatly, asylly gelin-gyzlarymyz hemişe görüm-göreldäniň nusgasy bolup, olaryň esasy gözelligi gylyk-häsiýetinde, edebinde jemlenýär. Elbetde, gyz maşgalany edepli, terbiýeli edip ýetişdirmekde, ilki bilen, enesiniň hem-de mugallymlarynyň görüm-göreldesi, irginsiz aladasy gerek. “Enesini gör-de, gyzyny al” gyrasyny gör-de bizini al” diýilmegi ilkinji edep-terbiýäniň eneden başlanýandygyny aňladýar. Şeýle-de türkmen zenanlary milli egin-eşikleri bilenem nusga alarlykdyr. Gelin-gyzlarymyz islendik döwürde hem özüne mahsus bolan häsiýetleri, göze gelüwli lybaslary bilen uly hormat-sarpanyň eýesi bolup durýarlar. Bagtyýarlyga beslenýän döwrümiziň başlary gül tahýaly, edep-ekramly, zehinli, ellerinden dür dökülýän gözelleri iň bagtly ynsanlardyr diýilip buýsanç bilen bellenildi.

 

 

 

                                        Gülbahar Baýrammämmedowa

TAP-yň Balkan welaýat komitetiniň

guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň esasy hünärmeni