Döwlet derejesinde ulydan toýlanýan Milli bahar baýramynyň baýramçylyk şatlygy Daşoguz welaýatynyň hem ähli künjegini gurşap aldy. Daşoguz şäherinde ýerleşýän Türkmeniň ak öý binasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan çäre hem ýatdan çykmajak şatlyk-şowhuna beslendi. Çärä welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň jogapkär işgärleri, il sylagly ýaşulylarymyz, kümüş saçly enelerimiz, talyp ýaşlar, körpeje çagalar, Daşoguz şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary gatnaşdylar. Çäräniň geçiriljek ýerinde türkmeniň ak öýleriniň dikilmegi, olaryň öňlerinde köp öwüşgünli sergileriň ýaýbaňlandyrylmagy, hiňňilliklerde ýaş oglan-gyzlarmyzyň uçmagy aýratyn bir gözellik döredip, ata Watanmyza bolan begenç buýsanjyňy, söýgüňi has-da artdyrýar. Welaýat medeniýet müdürliginiň Milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni mynasybetli ýörüte taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna, folklor toparynyň sahna oýunlaryna uly orun berildi. Olar özleriniň joşgunly tanslary, mahmal owazly aýdym-sazly çykyşlary, nowruz baýramyny alamatlandyrýan sahna oýunlary bilen baýramçylyk dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Şeýle hem bu ýerde türkmeniň milli tagamlarynyň köp görnüşleri taýýarlandy. Palaw, dograma, gowurma, köje, semeni ýaly milli tagamlarymyzyň taýýarlanmagy, baýramçylyk desterhanynyň giňden ýaýlyp, onda gadymy we milli tagamlarynyň dürli görnüşleriniň goýulmagy türkmen halkynyň myhmansöýerligini, rysgal berekedi görkezýär. Çärä gatnaşýan ildeşlerimiz bu ýerde gurnalan sport ýaryşlaryna-da uly höwes bilen tomaşa etdiler. Uzakly gün dowam eden baýramçylyk çäre bu ýerde ýygnananlarda ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary galdyrdy.
Milli bahar baýramy Halkara nowruz güni bilen Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Toýlarmyz toýlara ulaşsyn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galknyşy döwründe ýurdymyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan, ýurt asudalygy, halkyň bagtyýarlygy ugrynda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, durmuşa geçirýän ähli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni Çynar Berdikulyýewa.