Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Nowruzda açylýar gülleň lälesi.

Nowruzda açylýar gülleň lälesi.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, Lebap welaýat kitaphanasynyň, Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Lebap welaýat kitaphanasynda  Milli bahar baýramçylygyna bagyşlanyp, “Nowruzda açylýar gülleň lälesi” atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Agrar partiýanyň welaýat, şäher we etrap komitetleriniň işgärleri, kitaphanaçylar, talyp ýaşlar, ýaşuly nesliň wekilleri çykyş etdiler. Olar öz çykyşynda bahar paslynyň gelmegi bilen tebigatymyzyň janlanyp, gözel keşbe gelişi, mart aýynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda her ýyl Halkara zenanalar güniniň ruhybelentlikde bellenişi, bu baýramyň dowamy bolup, Milli bahar baýramynyň dabaraly toýlanyşy barada täsirli çykyşlary etdiler. Çykyşlarda täze gün, täze ýyl bolup musulman dünýäsinde Nowruzyň bellenişi, bu baýramçylygyň taryhy gelip çykyşy, Nowruzda taýýarlanýan milli tagamlar, adamlaryň hiňňilgik uçup, şuman odundan böküp şatlanyşlary, bu baýramda ildeşlerimiziň täze-täze arzuw edip, täze ekişler geýişleri, Nowruzda semene bişirip, goňşy-golamlara paýlanyşy biziň jemgyýetimizi has berkleşdirýär diýip buýsançly belläp geçdiler.

Çykyş edenleriň ählisi diýarymyzy bolçulygyň mekanyna, iň bagtyýar adamlaryň ýaşaýan ülkesine öwürip, şeýle buýsançly toý-baýramlary döwlet derejesinde bellemäge giň mümkinçilik döreden Milli Liderimize, bu işleri üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza, Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw edildi. Soňra dabaraly mslahata gatnaşyjylar Lebap welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylarynyň Milli bahar baýramyna bagyşlap döredilen kitap sergisini synlap, ruhy joşgun aldylar.

 

Bagtyýar Derkarow

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri