Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Lebap welaýatynyň “Miwe” Oba hojalyk senagat birleşiginiň 3000 tonnalyk kuwwatly sowadyjy ammarynda Hormatly Prezidentimiziň Agrar syýasaty esasynda durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetine bagyşlanyp wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, Agrar partiýanyň işjeň agzalary täsirli çykyşlar etdiler. Olar öz çykyşynda Oba hojalyk pudagynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan täze özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza bu ugurda durmuşa geçirýän işlerini giňden wagyz etdiler. Çykyşlarda Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda, aralyk ekinleriň öňki ýyllardakydan 50 göterim köp ekilendigi we bol hasyl ýetişdirilendigi, şol ýetişdirilen hasyllary terligi bilen ilata ýetirmekde sowadyjy ammarlaryň orny barada giňden bellenilip, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýdyldy. Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen açylan 3000 tonnalyk sowadyjy ammaryň işgärleri, şeýle döwrebap sowadyjy ammarda zähmet çekmäge döredilen giň şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler boýunça bölüm müdiri Bagtyýar Derkarow