Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Oba hojalykda hasyl ýygnamak möwsümi dowam edýär..

Önümçilik işleriniň gyzgalaňly alnyp barylýan döwründe oba hojalygynda ýüpek gurçugyny ösdürüp ýetişdirmek we ondan ýokary hilli önüm almak möwsümi dowam edýär.

              Ýüpek gurçugy kadaly şertleriň döremegi  bilen ýaşaýyşa ukyply bolup,ol uzak wagtyň dowamynda tebigy seçgiler esasynda emele gelendir.Şonuň üçin ýüpek gurçugynda daşky şertlere bolan kesgitli talap emele geldi.Ýüpek gurçugynyň ýaşaýşy üçin howanyň kadaly temperaturasy we çyglylygy, iýmit meýdany, iýmitiň  hili  we möçberi ýaly şertler zerurdyr. Ony ösdürüp ýetişdirmek diňe daşky gurşaw bilen arabaglanyşykda amala aşyryp bolar.Öň belläp geçişimiz ýaly,ýüpek gurçugynyň ýaşaýyşy üçin birnäçe şertler gerek.Şolaryň üstünde aýratyn durup geçsek has-da netijeli bolar.

             Ýüpek gurçugynyň bedenindäki madda çalyşygy üçin kesgitli temperatura zerurdyr.Organiki maddalaryň,esasan hem bedeniň dokumalaryndaky süýjüniň okislenmegi ýylylygyň esasy çeşmesidir.Okislenme ýagdaýy näçe güýçlibolsa, şonça-da ýylylyk emele gelýär.Ýylylygyň daşky çeşmesi barada aýdylanda bolsa ol Gün şöhlesidir, onuň ýetirýän täsiri bolsa ikinji derejededir.

          Ýüpek gurçugynyň iýmitlendirilişine iýmit meýdanynyň ölçegi onuň ösüşine  we kadaly iýmitlenişine uly täsir edýär.Ol meýdanyň kiçi bolmagy gurçuga az iým ýetmegine getirýär, berlen iým bolsa nejasatlar arkaly hapalanýar.Gurçuklaryň gür ýagdaýda ýerleşmegi bir-birine zeper ýetirip bilerler.Bu bolsa olaryň ganynyň hapalanmagyna getirmegi mümkin.Öňdebaryjy ýüpekçiler iým  berilýän meýdany 70-80 inedördül meýdana çenli ulaltmak bilen, 80-90 kg çenli hasyl alýarlar.Ýüpek gurçugynyň iýmiti bolan tut agajynyň ýapraklarynyň düzüminde esasan uglerod, kislorod, wodorod we azot ýaly himiki elementler bar.Bu himiki elementler dürli birleşmeleri emele getirýär.

         Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň ýüpekçileri şu möwsümde piläniň  80 tonnasyny önüdürmekligi maksat edinýär. Etrabyň öňde baryjy daýhan birleşikleriniň biri Aksaraý daýhan birleşigi 6.5 kilogram gap gurçuk tohumyndan 11250 kilogram, Magtymguly adyndaky daýhan birleşigi 31.5 kilogram gap gurçuk tohumyndan 11520 kilogram piläni tabşyrarlar.

       Häzirki wagtda Aksaraý daýhan birleşiginiň ýüpekçi-kärendeçisi Hojaýewa Gülälek 180 gram gurçuk tohumyndan 396 kilogram pile hasylyny sebitde ilkinji bolup döwlet harmanyna tabşyrandygyny  buýsanç bilen bellemek gerek.

 “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda alyp barýan pileçi kärendeçilerimiziň  ýadowsyz  zähmetine jogap edip Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Görogly etrap komitetiniň adyndan höweslendiriji sowgatlar gowşurylýar.

           Şeýle ajaýyp zamanada zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip beren  Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun,alyp barýan işleri barha rowaç alsyn!

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap komitetiniň Baş hasapçysy Işankulyýewa  Läle