Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde dörän jenneti mekany ýada salýan Türkmenistan diýarymyz ösüşiň ähli ugurlary boýunça uly üstünlikler gazanyp, belent sepgitlere ýetýär. Ýurdymyzyň durmuş – ykdysady pudaklarynyň ähli ulgamlarynda zähmet gaýnap joşýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala aşyrylýan, belent maksatlaryň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşamak, halal zähmetiň bilen ýurduň ösüşine goşant goşmak bagtdyr. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda, halkymyzy hil taýdan ýokary, ýokumly önümler bilen üpjün etmekde uly üstünlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň obasenagat toplumynda gazanylýan ösüşler, düýpli özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, halkymyzyň azyk harytlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak meselesini iň bir ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitledi. At-owazasy dünýä dolýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen azyk bolçulygynyň ýokary derejede üpjün edilmegi ugrunda alnyp barylýan işler öz ajaýyp miwelerini berýär. Ilatymyzyň ekologiýa taýdan arassa iýmit önümleri bilen doly üpjün edilmegi üçin döwletimiz we hususy kärhanalarymyz tarapyndan ýerli, tebigy çig maldan dürli görnüşli önümler öndürilýär. Obasenagat toplumynda iň häzirki zaman tehnologiýalaryň, enjamlaryň ornaşdyrylmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň artdyrylmagyna, şeýle-de dünýä ýurtlaryna eksport mümkinçilikleriniň köpelmegine şert döredýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýylyň haýsy möwsümidigine garamazdan, halkymyzyň ter gök önümlere bolan isleglerini ýeterlik kanagatlandyrmaga ukyply ýyladyşhanalaryň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy.Türkmen has irki döwürlerden bäri ekin ekmek, mal bakmak bilen meşgullanyp, bu ugurdan müňlerçe ýyllaryň dowamynda baý tejribe toplan zähmetsöýer halkdyr. Ýurdumyzda azyk garaşsyzlygynyň doly üpjün edilmegi bilen, oba hojalyk ulgamynyň we gaýtadan işleýän senagatyň barha ösmegi, azyk senagatynyň ösmegine telekeçileriň hem işjeň gatnaşmagy netijesinde bazarlaryň bolçulygy hem artýar. Ýurdumyzyň agrosenagat pudagyny ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş esaslaryny barha berkitmek, bagtyýar durmuşyň üpjün edilmeginiň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde ýokary derejedäki jemgyýeti gurmak işi üstünlikli amala aşyrylýar.
Biz hem halkymyzy asuda abadan bolelin durmuşda ýaşadýan, hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtýarys.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat Ak bugdaý etrap komitetiniň buhgalteri Amanbibi Hallyýewa.