Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Okuw maslahaty geçirildi.

Ýakynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Lebap welaýat atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, Lebap welaýat atçylyk sport toplumynyň, Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamaklarynda “Ýelden ýyndam türkmen bedewleri” atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynda Agrar partiýanyň işjeň agzalary, Lebap atçylyk sport toplumynyň seýisleri, Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň atçylyk hünäri bölüminiň mugallymlary we talyplary çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda atçylygy ösdürmek ugrunda edilýän işler, döredilýän şertler, esasan hem atçylyk hünäri boýunça ýurdumyzda hereket edýän ýokary we ýörite orta okuw jaýlarynda durmuşa geçirilýän işler barada buýsançly çykyşlar etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzyň çar künjeginde gurulan halkara derejesindäki aýlawlar hakda, atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan ylmy işler, geçirilýän tejribeler hakda hem belläp geçdiler. Çykyşlarda atçylyk ugrundan ýörite orta bilimi alýan talyplar ýurdumyzda atçylyk hünäri boýunça ýokary bilimi almaga mümkinçilik döreden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýtdylar. Çykyşlaryň dowamynda atlaryň saglygyny barlamak bejermek, hat-da zerurlyk ýüze çyksa atlary operasiýa etmek üçin hem ähli şertleriň ata Watanymyzda döredilendigini, bu beýik işleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Okuw maslahatynyň dowamynda ýurdumyzda atçylygy ösdürmek, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak, ylmy işleri alyp barmak, seçgiçilik ugruny ösdürmek boýunça giň şertleriň döredilendigi gaýta-gaýta bellenilip geçildi. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar maslahatdan soň Lebap atçylyk sport toplumynyň athanalarynda saklanýan atlary, taýlary ýakyndan sylamaga mümkinçilik aldylar we bu athanada zähmet çekýän seýisleriň, çapynsuwarlaryň armasyny ýetirip, olary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar maslahatyň ahyrynda türkmen bedewiniň at-abraýyny arşa galdyryp, bütin äleme ýaýan Gahryman Arkadagymyza, bu işleri üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw edip, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýüreklerinden gutladylar.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdir Bagtyýar Derkarow