Ak bugdaý etrabynyň ak ekin ussatlary şu ýyl guş-gursak ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler hem-de orak möwsümine taýýarlykly girişdiler. Bu jogapkärli möwsümi gysga wagtda, çalt we ýitgisiz alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan ongünlük zähmet bäsleşiginiň yglan edilmegi gallaçylarda ruhubelentlik döretdi.Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde yglan eden özboluşly zähmet bäsleşigi galla oragynyň depginini has-da ýokarlandyrmakda we oraga gatnaşyjylary höweslendirmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Her on günden bäsleşigiň jemi jemlenip, şol döwürde has oňat görkezijilere eýe bolan öňdebaryjy kärendeçiler, kombaýnçylar we hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjileri ýüze çykarylar. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy meýdan düşelgelerinde gysga wagtlyk arakesmede, şeýle-de iş üstündäki duşuşyklarda geçiriler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Ak bugdaý etrap komitetiniň esasy hünärmeni
Mähri Halmämmedowa