Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly uly üstünliklere beslendi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna hem uly ruhubelentlik bilen gadam basdy. Ýylyň şygary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagy bizi syýasy işgärleri has-da begendirdi we guwandyrdy. Ýurdumyzda pähim-paýhas ummany bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde bellemek babatda durmuşa geçirilýän işler akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şeýle wagyz -nesihat çäreleriniň biri hem Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti tarapyndan Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň ilkinji pariýa guramalarynyň işjeň agzalarynyň arasynda geçirildi. Çäreniň dowamynda   Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň jogapkär işgärleri, il ýaşulylary, kümüş saçly enelerimiz we TAP-nyň işjeň agzalary çykyş etdi. Olar öz çykyşlarynda akyldar şahyryň ömri we döredijilgi barada, onuň ýazan çuň many mazmunly goşgy setirleri barada çykyş etdiler.  Beýik akyldaryň “Berkarar döwlet istärin” diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy diýip belläp geçdiler. Dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hem-de filosofik garaýyşlary, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, halkymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatyny wagyz etdiler.

Wagyz-nesihat çäräniň soňunda halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, bagtyýar türkmen ýaşlaryna Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galmagynyň bähbidine mynasyp zähmet çekip, goşant goşmaga ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň buhgalteri Aýnura Jumaýewa