Ilatymyzy ýylyň ähli döwrinde ter gök önümler bilen üpjin etmek boýunça hormatly Prezidentimiziň öňde goýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmekde Daşoguz welaýat “Azyk” önümçilik birleşiginiň Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynyň agzybir işgärleri her ýyly ýokary netijeleri gazanýarlar. Ýyladyşhana toplumy indi birnäçe ýyldan bäri hereket edip her ýyly pamidoryň “Bonditto” görnüşi ösdürip ýetişdirýär. Ilatymyzyň bu önüme bolan isleglerini doly kanagatlandyrýar. Ýyladyşhananyň umumy tutýan meýdany 10 gektar bolup, bu ýerde 4 bölüm hereket edýär, işgärleriň 100-e golaýy zähmet çekýär. Zähmet çekýän işgärleriň ählisi özlerine berkidilen işi ýokary hil derejesinde berjaý edýärler. Ýyladyşhanada ähli işler awtomatik usulda berjaý edilip, ekinleri suwarmak, iýmitlendirmek, ýyladyşhananyň ýylylyk çyglylyk ýagdaýny kadaly ýagdaýda saklamak kopmýuterler esasynda dolandyrylýar. Göreldeli işgärlerden Gülendam Gazakowa, Aýnur Nuryýewa, Göwher Sabyrowa, Aýbölek Begmyradowa dagylary görkezmek bolar. Ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy, ýyladyşhananyň agzybir işgärleriniň çekýän ýadawsyz zähmeti netijesinde bol pamidor hasyly ösüp ýetişýär. Göreniňde gözüňi dokundyrýan bol hasyla otyran pamidorlary synlanyňda meýilnamada bellenen hasyly artygy bilen berjaý etjekdigine ynanmak bolýar. Häzirki wagtda ýyladyşhanada hasyl ýygymyna girişildi. Ýygnanan hasyl terligine içerki bazarlarymyza ugradylýar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşardan gelýän harytlaryň ýerini tutýan ekalogiýa taýdan arassa ter gök önümler bilen ilatymyzy ýylyň ähli döwründe ygtybarly üpjin etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň iş ýüzinde doly berjaý edilýändigini tassyklaýar. Bu bolsa toýly döwranly saçaklarymyzyň bu önümden doly bolmagyna mümkinçilik berýär.
Gülhumar HOJAHMETOWA Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni