Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Parahatçylyk geljege iň uly miras

Paýhasly ata-babalarymyzyň döwletlilik ýolunyň mynasyp dowam etdirilýän berkarar döwletimiziň häzirki täze taryhy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz  dünýäde  syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde  uly abraýdan peýdalanýar, halkymyzyň halkara jemgyýetçiligindäki mertebesi barha beýgelýär. Häzirki döwürde döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň döwrebap ösüşi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyň maksatlaryndan, tutumly başlangyçlaryndan ugur alýar. Milli demokratiýanyň ýoly bilen röwşen geljegi nazarlaýan döwletimizde amala aşyrylýan işler jemgyýetimiziň gülläp ösmegine, tutuş halkymyzyň, häzirki hem-de geljekki nesillerimiziň bagtyýar durmuşynyň binýadyny berkitmäge  gönükdirilýär.

Taryha altyn harplar bilen ýazylýan her bir ýylymyzyň dowamynda bolup geçýän taryhy wakalara ser salanymyzda hem biz öz döwrümize hasam buýsanýas. Şu ýerde buýsanç bilen ýatlap geçsek, “Pahim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly ýurdumyzyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatynyň giňden dabaralanan ýyly bolmak bilen, Merkezi Aziýada hem-de dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan işleriniň, öňe sürýän teklipleriniň, dünýä hem-de sebit üçin ähmiýetli daşary syýasat ugrunyň giň goldawa eýe bolan ýyly boldy.

Mälim bolşy ýaly, döwletimizde tutuş adamzadyň ykbalyna, umumadamzat aňyýetiniň ösüşine täsir edýän ruhy galkynyşy kemala getirip, parahatçylyk, ynanyşmak ýoly bilen dost-doganlyk köprülerini berkitmekde, köňülleriň birligini gazanmakda, ählumumy maksatlary bitewüleşdirmekde nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Agzybirlikden döwlet tapýan halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, özara düşünişmek, ynanyşmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolmak, ynsany mertebelemek ýaly milli ýörelgelerine esaslanýan häsiýetleri döwletimiziň nusgalyk içeri hem-de daşary syýasatynda mynasyp orun alýar. Döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän teklipleriň hem-de başlangyçlaryň halkara guramalar hem-de dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylmagy ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň uly ykrarnama eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Muňa mysal edip, bir buýsançly hakykaty ýatlasak, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip kabul edilmegi, şeýle-de Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde “Merkezi Aziýa-parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edimegi parahatçylyk medeniýetine uly ähmiýet berýän döwetimiziň halkara gatnaşyklaryny parahatçylykly ýol bilen ösdürmäge döredijilikli çemeleşýändiginiň güwäsi boldy.

Şygryýetiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenen ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň sowgat eden “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly goşgusy bolsa türkmen halky üçin, umumadamzat üçin parahatçylyga özboluşly çagyryş boldy, biziň döwletimiziň parahatçylyk syýasatynyň özboluşly beýany boldy. Goşgynyň mazmunyna ünsi çeksek, goşgynyň ilkinji setrinde parahatçylyk geljek üçin iň uly miras hökmünde orta çykarylýar, adamzat ömrüniň manysynyň, iň uly arzuwlarynyň, ähli maksat-tutumlarynyň parahatçylykdan gözbaş alýandygy baradaky hakykatlar goşguda giňden beýanyny tapýar.

Ýene-de Gahryman Arkadagymyz: “Hoşniýetli dost ili-biziň eziz ilimiz, Bitaraplyk, doganlyk-saýlan aýdyň ýolumyz” diýmek bilen, eziz Arkadagymyzyň türkmen Bitaraplygynyň halkara derejedäki gymmatyna, Bitaraplyk ýolunyň dost-doganlyga uzaýan ýoldugyna, şeýle-de halkymyzyň ruhuna, ganyna siňen hoşniýetlilik, göwnaçyklyk ýaly häsiýetlerine ýokary baha berýär, olaryň ähmiýetini tekrarlaýar.

Ýene-de Arkadagymyzyň bu ajaýyp goşgusynda şeýle setirler bar, ýagny: “Ak guşlar ganat ýaýyp, bezeg bersin asmana, Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana” diýen setirleri gönüden-göni döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz edýär. Bir hakykata ünsi çeksek, 2025-nji ýylyň şygaryny alamatlandyrýan ýylyň nyşanynda hem Gahryman Arkadagymyzyň şu jümleleri öz mynasyp ornuny tapýar. Ýagny ak kepderi asuda asmanyň, parahatçylygyň nyşany hökmünde öňe çykýan bolsa, ýylyň nyşanynda ak kepderiniň ýerleşdirilmegi has ýerlikli bolupdyr. Galyberse-de, hazir halkara durmuşynda iň esasy wajyp mesele bar, ol hem bagy-bossanlyg ösdürmek, daşky gurşawy arassa saklamak, ekologiýa meselesi dünýä jemgyýetçiligiň esasy aladasy bolup durýar. Şeýle aladalary durmuşa geçirmäge biziň döwletimiz hemişe ilkinjileriň hatarynda gatnaşýar, bu babatda Gahryman Arkadagymyzam, Arkadagly Gahryman Serdarymyzam öz tekliplerini öňe sürýär. Ýylyň nyşanynda hem ýaşyl daragtyň ýerleşdirilmegi biziň döwletimiziň şeýle syýasatyny giňden dabaralandyrýar. Üstümizdäki ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň şu ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi tutuş halkymyzy, aýratynam biz-ýaşlary buýsandyrdy, bizi täze sepgitlere ruhlandyrdy.

Biz hem TAP-yň Balkan welaýat, etrap-şäher komitetleri bolup, işgärleri we işjeň agzalary bolup, ýurdumyzyň agrar syýasatyny durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, parahatçylyk taglymatyny wagyz etmekde, oba hojalyk pudagynyň zähmetkeşlerine düşündirmekde yhlasly zähmet çekeris, öz işlerimizi meýilnama esasynda durmuşa geçireris.   

Şu pursatdan peýdalanyp bolsa, Bitaraplygyň türkmen nusgasyny giňden dabaralandyrýan, dünýäniň abadançylygynyň, halklaryň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýän, türkmeniň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýas. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

 

 

Rahym Seýtgulyýew

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň

Balkan welaýat komitetiniň

guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň

esasy hünärmeni