Şu geçen ýyllaryň dowamynda biziň partiýamyz ýurdumyzda berjaý edilýän işlere içgin goldaw bermek bilen, onuň özi hem has berkedi. Elbetde biziň partiýamyzyň agzalary hemişe önümçiligiň jümmüşinde, ekin meýdanlarynda, köpçüligiň arasynda. Golaýda Daşoguz şäher komitetimiziň guramagynda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler eýwanynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň döredilmeginiň sekiz ýyllygy mynasybetli “Gülle göz guwanjym, jigerim-janym, Garaşsyz Bitarap Türkmenistanym” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onda TAP-nyň Daşoguz şäher komitetiniň, başlygy Jennet Saparowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Akmuhammet Gylyjow, TAP-nyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni Gurbangül Baýramkulyýewa, mährem ene Nurjemal Jumageldiýewa dagylar gutlag sözleri bilen çykyş etdiler, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen döredilen Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň geçen döwürde syýasy-jemgyýetçilik işlerine, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gşan goşantlary hakynda gürrüň berdiler, öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Agrar partiýa ýurdumyzyň oba hojalygynda alynyp barylýan demokratik özgertmeleri goldamagy, obalaryň ykdysady galkynyşyny gazanmaga ýardam bermegi maksat edinýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň esasy sütüni bolan oba hojalygyny ösdürmek ýaly möhüm meselä hormatly Prezidentimiz tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýär.
Maslahatyň dowamynda TAP-nyň öz işlerinde has göreldeli zähmet çekýän, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan agzalarynyň bir toparyna Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar Berkarar Döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň şan-şöhratyny bütün dünýä ýaýýan Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, arzuw etdiler. Garaşsyz baky Bitarap döwletimiziň dowamaty dowam bolsun!
Saparowa Jennet, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher başlygy