Şu günler ýurdumyzyň çar günjeginde 2024-nji “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahatlar, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler uly ruhybelentlik bilen bellenip geçilýär.
Ine şeýle dabaraly maslahatlaryň biri-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat hem-de Kerki etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda Kerki etrabynyň medeniýet öýünde geçirildi. Dabaraly maslahata ýaşuly we ýaş nesliň wekilleri, Agrar partiýanyň işjeň agzalary we beýleki jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri, bilim we medeniýet işgärleri işjeň gatnaşdylar.
Dabaraly maslahatda çykyş edenler 2024-nji ýylyň il-günden gelen teklipler esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilendigi barada buýsanç bilen belläp geçdiler. Çykyşlarda Magtymguly atamyzyň ömürdöredijiligi, bize galdyran baý mirasy, näçe asyr üstünden geçsede barha söýülip onalýan goşgulary barada giňden belläp geçdiler.
Çykyş edenler Magtymgulynyň ýaşlygyndan zehinli bolandygyny, ilkinji bilimini atasy Döwletmämmet Azadydan alandygyny, soňra Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky ýerleşýän Idris baba medressesine okamaga gelendigini, ondan soňra Buharanyň “Gögeldaş”, Hywanyň “Şirgazy” medresselerinde okap, bilim alyp, atasy Azady ýogalan soň obasyna dolanyp, ýaşlara bilim berendigini, zergärçilik bilen meşgullanyp, gyz-gelinleriň owadan şaý-seplerini ýasandygyny aýdyp geçdiler. Mundan başgada çykyş edenler Magtymguly kynçylykly döwürde ýaşasada dünýä syýahat edip, dünýäniň birnäçe ýurtlaryna syýahat edendigini, şeýdip gözýetimini giňeldip, ol ýerler barada hem öz goşgularynda mysal getirişini tymsallar arkaly belläp geçdiler. Çykyş edenler şu ýyl Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy mynasybetli ata Watanymyzda we dünýäniň dürli künjeklerinde dabaraly çäreleriň geçirilýändigi, öz ýurdumyzda we dünýäniň dürli künjeklerinde şahyry sarpalap, heýkeliniň oturdylyşyna, şa ýollara adynyň dakylyşyna, täze kitaplarynyň çapdan çykyşyna, sahna oýunlarynda Magtymgulynyň durmuşyndan täze sahnalaryň, kinolaryň döredilişine buýsanýandyklaryny uly joşgun bilen belläp geçdiler we Magtyguly atamyzyň at-abraýyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirdiler. Soňra Kerki etrap medeniýet öýüniň aýdymçylarynyň, tansçylarynyň çykyşlarynda Magtymguly Pyragynyň sözlerine aýdylan aýdymlar, joşgunly ýerine ýetirilen tanslar dabaraly maslahata gatnaşyjylarda uly ruhybelentlik döretdi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow