Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ruhybelentlige beslenen maslahat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda“ her bir günümiz toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz gün günden gülleýär, ösýär, özgerýär. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, bahar paslynyň ilkinji günleri gözelligi, näzikligi durmuşymyzyň bezegi bolan joşguny alamatlandyrýan ajaýyp Halkara zenanlar güni ýetip gelýär. Eziz eneler, mähriban gelin-gyzlar owaldan ahyra dünýämiziň bezegi hasaplanýar. Taryhyň dowamynda türkmen zenanlaryna parasatly maslahatçy we wepaly ýar hökmünde uly hormat hem-de sarpa goýupdyrlar. Ynha hem bu günler ýurdumyzda mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň hormatyna ajaýyp baýramçylyk aýdym-sazly çäreleri yzygider geçirilip dur.

Ýakynda, Türkmenabat şäher häkimliginiň uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda “Dünýäň sallançagy enäň elinde” atly dabaraly maslahaty geçirildi. Bu maslahata kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda Türkmen zenanyna goýulýan hormat barada çuň manyly gürrüňler aydyldy. Maslahata gelen kümüş saçly eneleri, mähriban gelin-gyzlarymyzy jemgyýetçilik guramalaryň başlyklary gyzgyn gutladylar we höweslendiriji sowgatlar gowşurdylar. Ömrümiziň manysy, durmuşymyzyň bezegi bolan, maşgala ojagymyzyň eýeleri bolan mähriban enelerimiziň, mähriban gelin gyzlarymyzyň bagtyýar durmuşyň hözürini görüp ýaşamaklary üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň başlygy

Muhiddin Hemraýew