Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň her bir güni uly ösüşlerdir özgertmelere eýe bolýar. Şoňa göräde bu günki gün abadançylyk, agzybirlik, bolelinlik hem-de joşgunly zähmet durmuşymyzyň bezegine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap ýurdumyzda zähmetsöýer daýhanlarymyz, tutuş halkymyz üçin ajaýyp baýramçylyga öwrülen Hasyl toýy diýarymyzyň ähli welaýatlary bilen bir hatarda biziň Daşoguz welaýatymyzda hem uly ruhubelentlilik bilen bellenildi. Bu uly toýa welaýatymyzyň pagtaçylarydyr, gallaçylary, gök ekerançylarydyr, bagbanlary özleriniň mynasyp sowgatlary bilen geldiler.
Baýramçylyk dabarasy Daşoguz şäheriniň görküne görk goşýan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde geçirildi. Bu ýere ir säherden oba hojalyk işgärleri, welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen kärendeçi daýhanlar, mehanizatorlar, il sylagly ýaşulular, welaýat, şäher we etrap jemgyýetçilik guramalary we beýleki myhmanlar ýygnandylar.
Hasyl toýunyň dabarasynda welaýat häkimi , soňra Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Baýrammyrat Allanazarow, S.Rozmetow adyndaky paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Kamyl Rozmetow, Akdepe etrabynyň O.Ärsaryýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Soltan Nyýazow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy Akmyrat Mämedow çykyş edip, daýhanlary gazanan zähmet üstünlikleri bilen gutlap, ajaýyp zamanamyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagyny hem beýik üstünliklere ýetirýän, daýhanlaryň zähmet çekmegi, bol hasyl almagy üçin ähli şertdir mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimize alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Hasyl toý halkymyzyň gadymdan bäri dowam edip gelýän, göwünleri galkyndyrýan däpleriniň biridir. Çünki ol mundan ençeme asyrlar öň hem ata-babalarymyzyň, dürli kynçylyklara garamazdan, ene topraga maňlaý derini siňdirip, oňa çynlakaý bil baglap ýetişdiren hasylynyň hormatyna uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirilipdir. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe şeýle ajaýyp, öz boluşly ýörelgäniň hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen has-da rowaçlanýandygy, halkymyzyň kalbyna joşgun, ruhubelentlik berýändigi örän guwandyryjydyr. Toý güninde meýdança ajaýyp görnüşler bilen bezelipdir. Bu ýerde gurnalan bezemen sahna, onuň gapdalyndaky ak öýler, olaryň gapdalynda ýerleşdirilen, öz topragymyzda öndürilen oba hojalyk önümleriniň, halkymyzyň gadymy gymmatlyklarynyň sergileri hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Dabara gatnaşyjylar bereket bolçulygy alamatlandyran bu sergilere uly buýsanç bilen syn etdiler. Bu ýere gelenlere Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde bejerijilik häsiýetleri hakyndaky maglumatlar beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlar hödür edildi. Bu ýerde ýaňlanan, ata watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işlerini, päk zähmeti, bagtyýar ýaşaýşy wasp edýän aýdym-sazlardyr, tanslar dabara has hem nurana öwüşginleri bagyş etdi.
Edermen babadaýhanlarymyz şan-şöhrady belende göterilen “Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda 275 müň tonna “Ak altyn”, 265 müň tonna guş gursak bugdaý, müňlerçe tonna gök-bakja, miwe önümlerini öndürmegiň hötdesinden geldiler. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň türkmen daýhanyna öndürijilikli işlemäge, päk zähmeti bilen bereketli topragymyzdan bol hasyl öndürmäge, halal baýap hözirini görmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Oba ýerleri üçin häzirki zaman galla ýygnaýjy kombaýnlar, dürli görnüşli traktorlar hem-de beýleki oba hojalyk tehnikalary,enjamlary yzygiderli doly üpjün edýär. Daşary ýurt tehnikalarynyň iň soňky tilsimleri, tohum, mineral dökünler, suwaryş suwy bilen doly üpjünçilik daýhan birleşiklerine, kärendeçilere ýeňillikli şertdäki hyzmatlaryň ýola goýulmagy ekerançylarymyzy uly üstünliklere ruhlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýy zähmetsöýer daýhanlarymyza, ene topraga belent hormatyň nyşany. Daýhanlarymyzyň ýadawsyz zähmetleri netijesinde gazanylan zähmet ýeňşi Hasyl toýy bilen birlikde, golaýlap gelýän baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramyna ajaýyp sowgat boldy. şu mynasybetli toý dabarasynda dürli görnüşli oba hojalyk önümlerini ýetişdirmekde we olary ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna goşmakda gujur-gaýratly zähmet çeken öňde baryjy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, hünärmenleriň bir toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Olar zähmetlerine berilýän baha, goýulýan sarpa üçin öz hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýlelikde guramaçylykly geçen toý dabarasyna gatnaşan adamlar, Gahryman Arkadagymyzy hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutladylar we janynyň sag, başynyň dik, il ýurt bähbitli we bütin adamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmenileri: Gurbangül Baýramkulyýewa. Maýsa Öwezowa