Bäherden etrabynda maldarçylyga uly üns berlip, dowarlaryň we düýeleriň baş sanyny artdyrmakda oňat görkezijilere eýe bolunýar. Häzirki günlerde etrabyň hojalyklarynda düýelerden sagdyn köşekleri almak boýunça alnyp barylýan işler has-da guwandyrýar. Öz işine yhlasly ýapyşýan maldarlar düýelerden köşek almak işini meýilnamalaýyn esasda alyp barýarlar. Aýry aýry hojalyklarda sagdyn köşekleri almakda aýratyn tapawutlanýarlar. Şaja Batyrow adyndaky daýhan birleşiginden Annaorazow Ýolaman, Bäşimow Amangeldi, «Garaşsyzlyk» daýhan birleşiginden Saparow Hoşgeldi, Saparow Meretgeldi, S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginden Gurbanow Döwlet, dagy düýelerden sagdyn köşekleri almakda beýlekilere görelde bolýarlar. Garagum sährasynyň «Mydar», «Goşakak», «Gyzyltakyr», «Boýurganly», «Aňkar» oýlarynyň töwereklerinde düýe bakýan bu sarwanlar ýaz otunyň oňat gögeren ýaýlalarynda mallaryň ine-gana ýazlamagyny gazanmak üçin olara yhlas bilen seredýärler. Olar yhlasly işiň hemişe üstünlikleri getirýändigine pugta ynanýarlar.
TAP-niň Bäherden etrap komitetiniň
başlygy Muhammetgeldi Annaýew