Köneürgenç etrabynyň 1-nji sport mekdebinde Bütin dünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” ady bilen aýdym-sazly çäre, dürli sport ýaryşlary geçirildi. Etrap häkimliginiň, zenanlar we beýleki jemgyýetçilik guramalaryň, bilim, medeniýet hem-de bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde gurnamaklygynda geçirilen medeni-sport çäresine etrabymyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärler, zenanlar guramalaryň işjeň agzalary gatnaşdylar. Sport mekdebiň öňünde medeniýet bölüminiň ýörüte taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Etrabymyzyň tanymal aýdymçylary, çagalar sungat mekdebiniň höwesjeň aýddymçy okuwçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary diňlenildi. Olar özleriniň aýdym-sazly çykyşlarynda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan berkarar Watanmyzy, hormatly Prezidentimiziň beýik işlerini wasp etdiler. Şeýle hem sport mekdebiniň okuwçylarynyň görkezme sport oýunlary görkezildi. Soňra sport mekdebiniň içki zalynda zenanlaryň arasynda stoluň üstinde oýnalýan tennis, şaşka, şahmat ýaly ýaryşlary geçirildi. Ýaryşlarda zenanlarymyz öz aralarynda bäsleşip, özleriniň ukyp başarnygyny görkezdiler. Soňra köp çagaly maşgalalaryň arasynda sport bäsleşikleri geçirildi. Olar tanap çekmek, topy päsgelçilikde alyp geçmek ýaly sport görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Bäsleşige gatnaşanlara TKA-nyň etrap birleşmesiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşyryldy.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni, Zenanlar guramanyň işjeň agzasy Gülhumar HOJAHMETOWA