Häzirki wagtda ýurdumyzda bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, ugurdaş düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna we giňeldilmegine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň çäginde bar bolan sport meýdançalary, stadionlary netijeli peýdalanmak, ýaşyna garamazdan, her bir adamyň, aýratyn-da, ýaşlaryň sporuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin zerur mümkinçilikleri üpjün etmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Hut şu belent maksatlardan ugur alnyp, ýurdumyzyň welaýatdyr etraplarynyň ählisinde köp sanly desgalar – iri sport we atçylyk sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri hem-de şypahanalar gurulup, olar halkara ölçeglerine laýyk gelýär. Mähriban Arkadagymyz sagdyn durmuş ýörelgesi babatda ildeşlerimize, ozaly bilen, ýaşalara ajaýyp görelde görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport bilen, şol sanda welosiped sporty bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň saglygyny berkidip, onuň işe ukyplylygyny artdyrýar. Welosipedli gezelençler ruhuňy has-da göterip, ajaýyp tebigatyň gurşawyna aralaşmaga, daşky dünýäni öwrenmäge, ene topragyň gözel künjeklerini has oňat bilmäge ýardam edýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportyň ösdürilmegine, ugurdaş düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna we giňeldilmegine gönükdirilen maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz ilat arasynda, aýratyn-da ýaşlara bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzda welosiped sportuny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen gözel paýtagtymyzda Welosiped binasynyň taslamasyny düzmek baradaky Karara gol çekdi. Mälim bolşy ýaly, sportyň ekologiýa görnüşleriniň biri bolan welosiped sportuna ýurdumyza uly üns berilýär. Soňky ýyllarda sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary mähriban Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, sportuň bu görnüşine höwesek ýaşlaryň sany has-da artdy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda, 3-nji iýun – Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. Ak şäherimiz Aşgabatda guruljak Welosiped binasy hut şonuň hormatyna amala aşyrylýar. Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komiteti hem-de Boldumsaz etrap 1-nji çagalar we ýetginjekler Sport mekdebi bilen “Sport saglygyň girewidir” atly sport ýaryşyny bilelikde şahmat, stolny tennis, hem-de futzal görnüşleri boýunça ýaryşa gatnaşdylar. Ýaryş diýseň gyzykly hem çekeleşikli geçdi. Ýaryşyň guramaçylyk we eminler toparynyň gelen netijelerine görä ýaryşyň ýeňijileri yglan edildi. Şahmat boýunça ýaryşda etrabyň sport mekdbinden Döwletow Atahan, Jumanazarowa Nurşat dagylar mynasyp boldular. Sportuň stolny tenis oýun boýunça Piragow Alikseý, Satymow Dowran. Sportuň futzal görnüşi boýunça Boldumsaz we Gaýrat ýygyndy topary oýnadylar ýaryşyň ýeňijilerine şeýle hem beýlekilerden has tapawutly çykyş eden türgenlere Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň adyndan sowgtalar hem-de hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Jumakow Ýusup Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy