Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Sahawatyň, bolçulygyň bereket çeşmesi

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sahawatyň, bolçulygyň toýy bolan Hasyl toýy giňden dabaralandyrylýar. Hasyl toýuna bagyşlanyp geçirilýän dabaralarda   gurnalan oba hojalyk önümleriniň, azyk önümleriniuň, çörek we çörek önümleriniň, dokma önümleriniň we ekinleriň zyýan berijilerine garşy ulanylýan himiki serişdeleriniň sergilenmegi ýurdymyzda oba hojalygyny ösdürmekde hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa ornaşdyrylýan  işleriň aýdyň miwesidir.

   Şeýle dabaralaryň biri ýakynda TAP-nyň Lebap welaýat we Kerki etrap komitetleriniň hem-de TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Hasyl toýy – sahawatyň, bolçulygyň bereket çeşmesi” ady bilen Kerki etrabynyň medeniýet merkezinde uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Dabara il sylagly ýaşulylar, mährem eneler, oba hojalygynda uly zähmet ýeňişlerini döwlet sylaglaryna mynasyp bolan edermen babadaýhanlar, kärendeçiler, dürli pudaklarda zähmet çekýän önümçiligiň öňdebaryjylary gatnaşdylar.

   TAP-nyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri B.Derkarow, TAP-nyň Kerki etrap komitetiniň başlygy R.Öwezow, TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy A.Rahmanowa, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti H.Abraýew, il sylagly ýaşyly N.Igamberdiýew, Kerki etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň mugallymy, mährem ene O.Merdanowa, Kerki etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy A.Açylowa dagylar çykyş edip, oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi ugrunda türkmen daýhanlaryna döwlet tarapyndan berilýän kömek-goldawlar, ata-babalarymyzyň gadymy daýhançylyk däpleriniň oba hojalygyna ornaşdyrylyşy, oba hojalyk işgärleriniň çekýän joşgunly zähmeti netijesinde sahawatly topragymyzyň ýylsaýyn berekete beslenýändigi, ussat kärendeçileriň, önüm öndürijileriň zähmetine mynasyp baha berlip, olaryň döwlet sylaglary bilen sylaglanýandygy, munuň üçin türkmen daýhanlarynyň hormatly Prezidentimize alkyşlarynyň çäksizdigi  barada giňişleýin gürrüň etdiler hem-de dabara gatnaşyjylary sahawatyň, bolçulygyň çeşmesi bolan Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

    Dabaranyň dowamynda etrap medeniýet bölüminiň tansçylarynyň, wäşileriniň göwün göteriji çykyşlary, aýdymçylaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, bereketli topragymyzy, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa ornaşdyrýan beýik işlerini wasp edip ýerine ýetiren aýdymlary dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni Sonagül Hudaýberenowa