Ýakynda Daşoguz şäheriniň “Bagt köşgi” toý dabaralar merkezinde TZB-niň Merkezi Geňeşiniň ýylyň-ýylyna yglan edýän “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyry geçirildi. Şäher tapgyry ýokary guramaçylykda geçirilip, bäsleşige gatnaşýan zenanlar bäsleşigiň ugurlary boýunça örän ruhybelentlikde çykyş etdiler. Çykyş eden zenanlar döwlet işinde tapawutlanan iş görkezijileri, medeni-mirasymyzy gorap saklamak, milliligimizi ösdürmek, ene-mamalarymyzdan gelýän el işlerini has-da kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesle ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy öwretmek boýunça asylly işleri, harby we hukuk goraýjy edaralarynda alynyp barylýan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde mynasyp zähmeti barada çykyş edip, özleriniň mümkinçiliklerini açyp görkezdiler. Bäsleşigiň welaýat tapgyryna, Daşoguz şäheriniň 13-nji orta mekdebiniň mugallymy Mährijemal Nizametdinowa, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, medeni aň-bilim we usulyýet işleri bölüminiň müdiri Çinar Annaýewa,Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň halyçylyk bölüminiň mugallymy Çemen Käbeliýewa, Daşoguz şäheriniň 38-nji çagalar bakja-bagy, terbiýeçi-usulyýetçiMerdana Rahimbaýewa, Daşoguz şäheriniň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýerli wekilleriniň bölümçesiniň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň uly gözegçisiMaýagözel Amanýazowa, 1206 harby bölüminiň inžiner-sapýor rotasynyň serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Jeren Öwezowa dagylar hukuk gazandylar. Ýeňijilere TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadigärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşikde çykyş eden zenanlar özleri üçin döredip berilýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni Gurbangül Baýramkulyýewa.