Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Şanly ýylyň şygary — ýürekleriň kelamy!

Her ýylymyzyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. Täze, 2024-nji ýylymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň köňül buýsanjyny goşalandyrdy.

Ynha ýakynda bolsa biz Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň işgärleri, wagyzçylar topary bolup Saýat etrabynyň Ýalkym, Seýdi we Watan daýhan birleşiklerinde oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän babadaýhanlarymyzyň arasynda 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek has düşewüntli pudaga öwürmek maksatly durmuşa geçirýän işleri barada wagyz-nesihat çäresini geçirdik. Wagyz-nesihat çärä Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň jogapkär işgärleri, işjeň agzalary gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çärede 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmagyň özboluşly mazmuny bardegyny, Täze ýylymyzyň şygarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusyndan ugur alynmagy ähli türkmen halkynyň ýürek arzuwydygyny, göwün islegidigini şowhunly belläp geçdiler.

Beýik filosof we söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda” Kararyna laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda şahyryň adamzadyň ruhy medeniýetiniň genji-hazynasyna, ynsanlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemekde milli edep-terbiýe mekdebine öwrülen gymmatly edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak maksady bilen, toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Aşgabadyň günorta böleginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ägirt uly ýadygärligi hem beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň nyşanydyr. Bu ýadygärligi öňde boljak baýramçylygyň çäklerinde açmak meýilleşdirilýändigini buýsanç bilen aýdyp geçdiler.

Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy köpugurly ösüşlere besläp, Milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmakda, halkara gatnaşyklarymyzy ösdürmekde, ýaşaýyş-durmuşymyzy dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmekde durmuşa geçirýän beýik işleriň başyny başlan Arkadagly Serdarymyz üstünlikli dowam etdirýän işleri üçin köp-köp alkyşlary aýtdylar.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň esasy hünärmeni Jeren Kulyýewa