Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Size sowgat bolsun al-elwan güller, mähriban eneler, gelinler, gyzlar!

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň we Balkanabat şäher komitetiniň bilelikde guramaklarynda “Size sowgat bolsun al-elwan güller, mähriban eneler, gelinler, gyzlar!” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Balkan welaýat kitaphanasynda geçirilen duşuşyga kümüş saçly eneler, edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çärede Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, dost-doganlygy, zenan waspyny edýän aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagly Diýarymyzda gelin-gyzlara, enelere aýratyn hormat-sarpa goýmak ýaly ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgelerimiziň dowam edýändigini, mähribanlygyň hem görüm-göreldäniň mekdebi saýylýan zenanlaryň maşgalada hem-de jemgyýetçilik durmuşynda bitirýän ýokary hyzmatlaryna, mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda we ýurdumyza, il-günümize wepaly, ilhalar ogul-gyzlary terbiýeläp ýetişdirmekde amala aşyrýan işlerine mynasyp baha berilýändigini aýratyn buýsanç bilen belläp geçdiler. “Biz maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer, edep-ekramyň nusgasy bolan enelerimize, gelin-gyzlarymyza guwanýarys. Olaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy barada hemişe alada ederis” diýip nygtaýan hormatly Prezidentimize ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdylar. Bahar güllerine meňzeş zenanlarymyzyň okamaklary, zähmet çekmekleri baradaky aladany birjik-de ünsden düşürmeýän, olaryň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman, berkarar ýurdumyzy uly ösüşlere beslemek, halkara abraýyny belende götermek ugrunda amala aşyrýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.