Golaýda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň gurnamaklygynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň kiçi mejlisler zalynda “Nowruz geldi ülkäme” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetli duşuşugy geçirildi. Duşuşuga Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň baş hünärmeni Baýram Amangeldiýew, Şabat etrap komitetiniň başlygy Akmyrat Garajaýew, Görogly etrap komitetiniň başlygy Döwlet Durdyýew, Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni Jumamyrat rejepowdagylar şeýle hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň işjeň agzalary gatnaşdylar. Söbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Nowruz baýramy, toý dessurlary hakda söhbet açyp, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýanlygy üçin Arkadagly Gahryman prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar hem-de Nowruz baýramy bilen hemmeleri gutladylar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni Çynar Berdikulyýewa