Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň “Türkmennebit” döwlet konserniniň şahamçasynyň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda, ýaşlaryň türkmen halkymyzyň milli medeni gymmatlyklarynyň döreýşiniň gözbaşlaryny we taryhy düýpli öwrenmeklerini gazanmak maksady bilen “Şöhratly geljege ýol salýan miras” atly duşuşyk gurnaldy. Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen duşuşykda ýaşlar welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen halkynyň geçmiş taryhyna bagyşlanyp guralan sergi bilen tanyşdylar. Muzeýiň işgärleriniň sergi barada beren gürrüňleri talyplarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Sebäbi türkmen halkynda “Taryhy bolmadygyň geljegi bolmaz” diýen asyrlaryň tejribesinden gelip çykan pähimli düşünje bar. Hakykatdanda, halkyň geçmişini öwrenmek, onuň iň gowy taraplaryny häzirki durmuşa ornaşdyrmak we geljekki nesillere miras goýmak, taryhy gymmatlyklar hakynda giňişleýin maglumatlary ylmy taýdan öwrenip, ony halka ýetirmek her bir raýatyň eziz watana bolan buýsanjyny artdyrýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseri biz ýaşlar üçin uly goldanma bolup durýar. Bu eserde gadymy kerwen ýollary, taryhy taýdan gymmatly bolan kerwensaraýlar, gadymy şäherler barada örän gyzykly maglumatlar berilýär. Çärede çykyş eden muzeý işgärleri hem kitapda ady agzalýan Balkan topragynda ýerleşýän ýadygärlerimiz barada buýsanç bilen gürrüňleri berdiler.
Toýguly Isagulyýew Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsyzlygy boýunça baş hünärmeni