Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Şüdügär sürümi geçirilýär

Ýakynlaşyp gelýän güzlük bugdaýyň ekişi möwsümine Akdepe etrabynyň gallaçy kärendeçileri ykjam taýarlyk görýärler. Etrabyň gallaçy kärendeçileri Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda 35 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaýyň ekişini geçirmegi maksat edinýärler.

Şu günler etrabyň ähli hojalyklarynda güýzlük bugdaýyň ekişine taýarlyk işleri giňden ýaýbaňlanýar. Güýzlük bugdaý ekilýän ýerleriň ýarsyndan gowyragynda südügär sürümi geçirildi. 8150 gektardan gowrak ýerde bolsa ýeňil tekizleme, çil çekmek işleri geçirilip, ýuwuş suwyny tutmaga bir kemsiz taýar edildi.

Güýzlük bugdaý ekiljek ýerlerde şüdügär sürümi geçirmek işlerine etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň traktorlary bilen bir hatarda, hojalyklaryň öz garamgyndaky traktorlar hem işjeň gatnaşýarlar. Etrabyň oba hyzmat önümçilik kärhanasyna degişli traktorçylardan Begmyrat Letipow, Parahat Toýlyýew, Döwran Annaberdiýew, Öwez Söýünow dagylar hem işjeňlik görkezýärler.

Şüdügär sürüm, ýeňil tekizleme, çil çekmek işleriniň geçirilşiniň agronomçylyk görkezmelerine laýyk bolmagy üçin bu işiň geçirilşine hünärmenler tarapyndan gözegçilik edilýär.

Güýzlük bugdaý ekiljek ýerlerde şüdügär sürümini, ýeňil tekizleme, çil çekme işlerinde etrabyň Mollanepes, Babadaýhan, Şabat Ak altyn daýhan birleşikleriň gallaçy kärendeçileri öňdäki hatarda barýarlar.

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni Maýsa Öwezowa