“Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy ýurdymyzyň ähli ýerlerinde işjeň ýagdaýda geçýär. Köneürgenç etrap häkimligi, TDP-nyň etrap komiteti, TAP-nyň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, TMÝG-nyň etrap Geňeşiniň gurnamaklygynda geçirilen tanyşdyryş dabarasy hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Köneürgenç pagta egriji fabriginiň mejlisler eýwanynda geçirilen dabara il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalaryň jogapkär işgerleri, bilim-saglygy goraýyş edaralrynyň işşgärleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Toýly Gurbanmedow, TDP-nyň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Nobatgeldi Meretnazarow, etrabyň 2-nji orta mekdebiň mugallymy Serdar Garabaýew, etrap merkezi kitaphanasynyň Hakykat geňeşligindäki oba kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy Tawus Saryýewa dagylar çykyş edip, bäş bölümden ybarat bolan “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy” atly kitapda gaznanyň alyp barýan işleri barada giňişleýin beýan dilýandigi, 2021-nji ýylda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilendigi, häzirki wagtda bu gaznanyň hasabyny ýüzlerçe çagalaryň saglyklaryny dikeltmek boýunça lukmançylyk hyzmatlarynyň döredilýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler. Tnyşdyryş dabaranyň ahyrynda kitabyň çapdan çykmagy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutladylar, ýaş nesillerimiziň hak howandary Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň atlaryna çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.
Gülhumar HOJAHMETOWA Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni, etrap halk maslahatynyň agzasy